Türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň
birine öwrüljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri
bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz
ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Bu
ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk-senagat toplumyna gözegçilik
edýän orunbasary B.Annamämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş
dolandyryjysy H.Hajymyradow, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
wise-prezidenti B.Rejebow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
rektory P.Baýramdurdyýew we toplumyň döwrebaplaşdyryş işlerini ýerine ýetirýän
Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasynyň wekili R.Akçi öňde goýlan wezipeleriň
ýerine ýetirilmeginiň barşy barada giňişleýin maglumat berdiler.
Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumy
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda maglumat berýän şekil
taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi
ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda toplumyň
binalaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň tutuş çägini abadanlaşdyrmak işleri
tassyklanan meýilnama laýyklykda güýçli depginde dowam edýär. Hususan-da,
Ahalteke atçylyk toplumyna barýan ýoly döwrebaplaşdyrmak, onuň ugrunda ýol
belgilerini, degişli şekilleri ýerleşdirmek işleri, yşyklandyryş ulgamynyň
aýratynlyklary we ýol gurluşygynyň häzirki zaman usullary barada maglumat
berildi.
Gahryman Arkadagymyz
görkezilen şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we
degişli düzedişleri girizdi. “Ýol gurluşygynda ösen tejribeleriň ulanylmagyna,
ýoluň gönüligine, tekizligine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň
özünde ýoluň yşyklandyryş ulgamynyň döredilmeginde döwrebap usullar
ulanylmalydyr. Ýol ýakalarynda ekilýän baglar bu künjegiň ekologik derejesiniň
has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirmelidir” diýip, Milli Liderimiz belledi
we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.
Ýol belgileriniň,
ýoluň ýakasynda oturdylýan granit daşlarynyň, ýanýodalaryň häzirki zaman
talaplaryna, halkara ülňülere doly laýyk gelmegi, gurluşyk işleriniň ýokary hil
derejesinde alnyp barylmagy hem-de kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunda ýol ýakalarynda ekilýän
baglara yzygiderli ideg edilmelidir. Hormatly Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi
dowam edip, sil akabalarynyň üstünden gurulýan köprüleriň berkligine, uzak
möhletleýinligine, olaryň gurluşygynda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline
aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Şeýle hem toplumyň
binalarynyň içinde ýerleşdiriljek bedewleriň heýkelleriniň görnüşleri,
otaglaryň bezeginde ulanylmagy meýilleşdirilýän surat eserleri görkezildi. Halk
Maslahatynyň Başlygy binalaryň, otaglaryň içiniň bezeg işleri ýerine
ýetirilende, reňkleriň sazlaşygyna uly üns berilmelidigini aýtdy hem-de
görkezilen heýkelleri we surat eserlerini synlap, olaryň arasyndan bezeg
serişdeleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýänlerini saýlap almagyň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra toplumyň
binalaryny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri ynanylan
kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda alnyp
barylýan işleriň ýagdaýy we toplumyň çäklerinde ýerleşdirilmegi
meýilleşdirilýän at heýkelleriniň görnüşleri barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu babatda ýurdumyzyň degişli düzümleriniň wekilleri bilen utgaşykly
işler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz
bedew heýkelleri we toplumyň binalarynyň bezeginde ulanyljak serişdeler bilen
tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri
bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr. Ýerine ýetirilýän
işlerde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlere bolan ählihalk
söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr. Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli
baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde şanly senäniň meýilnamasynyň
taýýarlanylmalydygyny we ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürläp,
döwlet Baştutanymyzyň meýilnamany tassyklan halatynda, toý-dabaralary şu ýylyň
şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmek meselelerine toplumlaýyn esasda
çemeleşilmelidigini aýtdy.
Mälim bolşy ýaly,
ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirmegi
netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke
bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende
götermek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde
saklanýar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň
halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, merdana pederlerimiziň,
hünärine yhlas edýän seýisleriň tagallasy bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk
ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigini belledi. “Häzirki döwürde
dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerini saklaýan we ösdürip ýetişdirýän
jemgyýetleriň, merkezleriň sany az däl. Ýöne iň arassa ganly bedewler ahalteke
atlarynyň asyl mekany bolan türkmen topragynda bar” diýip, Gahryman Arkadagymyz
sözüni dowam etdi. Munuň şeýle bolmagynda sahawatly türkmen topragynyň we
zähmetsöýer halkymyzyň milli ruhunyň täsirine aýratyn orun degişlidir. Häzirki
döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen atçylyk
toplumlary, aýlawlary, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak,
olaryň baş sanyny artdyrmak, bedewleri çapyşyklara taýýarlamak ugrunda alnyp
barylýan işler ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär. “Döwrebap atçylyk
toplumlaryny netijeli ulanmak möhüm wezipedir. Bu bolsa türkmen halkynyň dünýä
beren milli gymmatlygyna belent sarpa goýulýandygyny, halkymyzyň bilelikdäki
tagallalary bilen ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň
“Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen
paýhasly jümlesinde çuňňur many bar. Munuň özi halk bilen döwletiň
bitewüliginiň aýdyň nyşanydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Soňra türkmen halkynyň
Milli Lideri toplumyň çäginde oturdyljak monitorlary, binalaryň aýnalaryny
synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Binalaryň içki bezeginde bolşy ýaly,
olaryň daşky görnüşlerinde, toplumyň çäginde goýulýan serişdeleriň
aýratynlyklarynda hem bir bitewi sazlaşyk bolmalydyr. Şeýle hem toplumyň
çäginiň ýylyň ähli paslynda gök öwsüp durmagy ugrunda zerur tagallalar
edilmelidir. Munuň özi bu künjegiň ekologik derejesiniň ýokarlanmagynda,
ahalteke bedewleri üçin amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde ähmiýetlidir.
Şonuň üçin ekilen baglara, döredilýän gök zolaklara ideg işleri yzygiderli
häsiýete eýe bolmalydyr.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde
uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.