Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal
Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda
telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň
ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl
bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk,
rowaçlyk arzuw etdiler. Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek
başlangyjy üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlyk bildirip, Täze ýylyň
öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy
arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda türkmen-rus gatnaşyklary netijeli häsiýete
eýe boldy we möhüm wakalara beslendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman
Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli
dabaralara hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet
Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna
amala aşyran saparlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu saparlar Türkmenistan bilen
Russiýanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň, strategik
hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyny, ýurtlarymyzyň umumy taryhy mirasa,
halklarymyz tarapyndan häzirki döwürde aýawly saklanýan we baýlaşdyrylýan
gymmatlyklara, däp-dessurlara ygrarlydygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda,
Milli Liderimiz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş mynasybetli «Hatyra
otlusy» başlangyjynyň Türkmenistanda goldanandygyny, oňa ýurdumyzyň mekdep
okuwçylarynyň gatnaşandygyny aýtdy hem-de bu möhüm çäräniň guramaçylygy üçin
minnetdarlyk bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda Russiýanyň ýurdumyz bilen
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän ünsüne, döwletimiziň bitarap daşary syýasy
ugruna, ählumumy durnuklylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklarda parahatçylyk,
ynanyşmak, özara hormat goýmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmekdäki
tagallalaryna berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini aýtdy. Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylyna bagyşlanan halkara foruma hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran sapary
munuň aýdyň beýany boldy. Munuň özi ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle
hem halkara gün tertibiniň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyn we netijeli
hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň esasynda
halkara howpsuzlygyň arhitekturasyny pugtalandyrmaga bilelikde goşant goşmaga
taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky
parlamentara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilendigini belledi. Şunda
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň
2025-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns
çekildi. Ýurdumyzyň parlamentiniň ýolbaşçysynyň RF-niň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy iki ýurduň parlamentleriniň
arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant boldy. Şunuň bilen bir
hatarda, bu duşuşyk iki tarapyň hem bu gatnaşyklary ösdürmegi maksat
edinýändigini tassyklamak bilen, mundan beýläk-de bilelikde iş alyp barmak,
parlament tejribesini alyşmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky
Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara forumyň işine
gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran saparynyň iki ýurduň
arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi
hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik we
forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa
Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk
bildirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň geljek
ýylda-da Russiýa bilen ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ruhunda köpugurly
we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň
çäklerindäki dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
çözgüdine laýyklykda, Arkalaşygyň sammitiniň 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda
Türkmenistanda geçiriljekdigini aýtdy. Türkmen tarapy bu sammiti iri halkara
forumlary geçirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň
dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini, demografiýa
meseleleri boýunça maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň möhümdigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz ozalky duşuşyklaryň netijelerinden görnüşi ýaly, şeýle
formatlarda özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň hem-de baýlaşdyrmagyň
zerurdygyny aýtdy hem-de türkmen tarapynyň bu çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk
meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
Milli Liderimiz döredijilikli, netijeli, özara hormat goýmak häsiýetine eýe
bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we
ynanyşmagyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň binýadyny
emele getirýändigini aýratyn nygtady hem-de döwletara hyzmatdaşlygy ýokary
derejä ýetirmekde Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň uly hyzmatynyň bardygyny
aýtdy. Bellenilişi ýaly, Walentina Matwiýenko türkmen-rus gatnaşyklaryny
ösdürmäge goşandy we tagallalary netijesinde Türkmenistanda uly abraýdan
peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Federasiýa Geňeşiniň
Başlygyna hut öz adyndan, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri geljek ýylda Walentina Matwiýenkonyň
ýolbaşçylygynda Federasiýa Geňeşiniň işiniň has-da netijeli boljakdygyna,
Russiýanyň bähbidine we onuň halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat
etjekdigine, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, iki ýurduň halklarynyň
arasyndaky dostluga we özara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam
bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda Russiýa Federasiýasynyň
Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen gepleşikleriň
geçiriljekdigine we olaryň netijeleriniň türkmen-rus gatnaşyklaryny täze
derejelere çykarjakdygyna ynanýandygyny aýtdy.
RF-niň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza
hoşniýetli sözler we iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek
babatda alyp barýan işine beren ýokary bahasy üçin hoşallyk bildirdi hem-de
Russiýanyň iki döwletiň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.