Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti
birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki
ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan
peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek
başlangyjy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi we Täze
ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň
gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň geljek ýylda-da Garaşsyzlygyny,
döwletliliginiň esaslaryny, hukuk ulgamyny has-da berkitjekdigine, milli
ykdysadyýetini okgunly ösdürjekdigine, durmuş ulgamynyň işini
kämilleşdirjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň
Milli Lideri goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň
parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we
jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy
ýaly, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi özbek jemgyýetiniň milli bähbitlerine,
zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň
Özbegistanyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly
ösdürmegi maksat edinýän syýasy ugruny netijeli dowam etdirmäge
gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz özbek Lideriniň taryh üçin gysga
döwrüň içinde bu ugurda uly işleri durmuşa geçirendigini we muňa anyk
netijeleriň güwä geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň
Milli Lideri 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip,
Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan
geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, geljek ýylda garaşylýan 6,6 göterim
möçberindäki ykdysady ösüş depgini ýurduň döwlet Baştutanynyň Özbegistany ýakyn
ýyllarda girdejisi ortadan ýokary bolan döwletleriň hataryna goşmak boýunça
öňde goýan maksadyna ýetmekde ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şeýle-de
Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa
ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy.
Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň
hem okgunly ösýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gündogar müçenamasy boýunça
geljek ýylyň ýylky ýylydygy bilen baglylykda, Türkmenistanda 2026-njy ýyl
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly
diýlip yglan edildi. Geljek ýylyň şygarynda ýurdumyzyň bedew bady bilen täze
belentliklere tarap ynamly öňe barýan ösüşleri öz beýanyny tapýar.
Özbegistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk
bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň
okgunly ösüşine ýokary baha berdi.
Gahryman Arkadagymyz maksatlaryň umumylygyny nazara alyp,
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ugurlaryň
giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen bir hatarda,
Milli Liderimiz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň 12-nji dekabrda Aşgabatda
geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumyndaky çykyşynda Özbegistanyň
Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklandygyny aýdyp,
goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna bu möhüm syýasy çärä gatnaşandygy üçin ýene-de
bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik
gatnaşyklar barada aýdyp, dürli derejedäki özara saparlaryň işjeňleşendigine
ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida
Mirziýoýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanda zenanlaryň
jemgyýetdäki ornuna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatyň işine gatnaşmagynyň
ähmiýetini belledi. Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla
Aliýewanyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjanyň wekiliýeti bilen bir hatarda, özbek
wekiliýetiniň hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guralan
maslahata gatnaşmagy onuň işine uly goşant boldy.
Milli Liderimiz iki ýurduň diplomatlarynyň halkara
ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri ilerletmäge gönükdirilen özara
gatnaşyklary dowam etdirjekdigine ynam bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna we ilçihanalaryna
möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz
ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna
laýyklykda, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly
bilen sylaglanandygyna ünsi çekdi. Diplomat bu sylaga ýurtlarymyzyň arasyndaky
ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan
goşandy üçin mynasyp boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda goňşy ýurduň döwlet Baştutany şu
ýyl Türkmenistanda köp sanly halkara çäreleriň, şol sanda Awazada iri
sammitleriň, Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forumyň üstünlikli
geçirilendigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda Türkmenistan
bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has
işjeň häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, geljek ýylyň ilkinji günlerinden
başlap ýurtlarymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleriň
guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilelikdäki işlere
girişmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz 2026-njy
ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada
durup geçdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sammitleriň
gün tertibine suw meselesini girizmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa, Aral
we Hazar sebitlerinde, Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen
hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öňde
boljak sammitleriň guramaçylyk, mazmun, hukuk we beýleki meseleleri boýunça
bilelikdäki teklipleri işläp taýýarlamaga goldaw berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip
gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk,
bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.