03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Eziz Watan / Baýram Gutlyýew
Eziz Watan / Baýram Gutlyýew
08.01.2020 1320 Bäsleşik

Men seni hiç haçan taşlap gitmerin,

Aýazly gyşa-da öwrülse ýazlar.

Her haçan-da galam alsam elime,

Diňe sen hakynda goşgy ýazylar.

Men seni hiç haçan taşlap gitmerin,

Taşlap gitmek üçin gelmedim başda.

Haýran galmak bilen synym galypdyr,

Her bir ýapragyňda, ot-çöpde, daşda.

Men seni hiç haçan taşlap gitmerin,

Ýürege ýakyndyr mähriban adyň.

Ýeriň zynaty bar altyn çägäňde,

Gujagyňda tapdym ýakynym-ýadym.

Men seni hiç haçan taşlap gitmerin,

Tebigatyň özi – bagtyma şaýat.

Ýürekde harasat – agsan günümde,

Bir  gysym gumuňdan tapdym hemaýat.

Ömür daragtym sen, eý, eziz Watan,

Özge baldaklarda gülläp bitmerin.

Taşlap gitmek üçin gelmedim başda,

Men seni hiç haçan taşlap gitmerin!

Baýram Gutlyýew,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä

dilleri institutynyň talyby.