03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Esger agama / Annajemal Çaryýewa
Esger agama / Annajemal Çaryýewa
12.01.2020 565 Bäsleşik

Salam, daň säheriň tämiz şapagy,

Ýüzümi sürteýin gülleň çygyna.

Şu pursat syrlaşyp, geliň, bileje

Joşup hat ýazaly esger agama.

«Agam, hakla mydam Watan duzuny,

Pederleriň ak ýoluny dowam et.

Her daban ýerini namysyň saýyp,

Gora, geçsin nesillere dowamat.

Bizem sag-salamat, ömrümiz abat,

Seniň ýoluňdadyr goşa gözümiz.

Watany goragyn, Watan oglusyň,

Hakla ene süýdün, halal duzumyz.

Esger agam, hiç darykma, kalbyňy

Deňiz deý giň sakla, belentde tutgun.

Ata pendin, ene sargydyn besläp,

Buýsanç bilen ojagyňa sag gaýtgyn».

Annajemal Çaryýewa.