milli goshun logo
Ekologiýa halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr
Ekologiýa halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr
22.06.2021 345 Habarlar

21-nji iýunda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýurt maksatnamalaryny işläp düzmekde hem-de bu mesele boýunça sebitleýin işleri alyp barmakda goldamak we kuwwatyny güýçlendirmek» taslamasyny amala aşyrmak maksady bilen gurnalan Utgaşdyryjy serişde boýunça birinji iş duşuşygy açyldy.

Bu gezekki geçirilýän iki günlük duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Adalat, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň jogapkär işgärleri, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri çagyryldy.