Hormatly
Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär»
atly kitabyna buýsançnama
Ynsan oglunyň
göbek ganynyň daman ýeri, ösüp-örňäp kemala gelen topragy – onuň ata Watany.
Ata Watanda bagtyýar ýaşamak, deňli-derejeli döwlet gurmak her bir ynsanyň
ýürek arzuwy. XX asyryň ahyrynda Türkmenistan döwletimiz özbaşdaklyk gazandy.
Onuň yzysüre hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredip, «Açyk gapylary» yglan
etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň belent münberinde Türkmenistana
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi berildi. Häzirki döwürde 12-nji dekabry
bütin Ýer ýüzi «Halkara Bitaraplyk güni» hökmünde belleýär.
Eziz
Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby watansöýüjiligi terbiýelemekde
akabasy egsilmejek gymmatly çeşme. Bu kitabyň many kökenini çözleseň, onuň
gudratdygyna göz ýetirmek bolýar. Milli Liderimiziň: «Mähriban Watanymyza söýgi
akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir. Çünki her bir dana sözüň many
ýüki onuň watansöýüjiligi ündeýänligindedir» (11 s.) diýip nygtamagy, her dana
jümleleriň manysyna düşünmäge giň ýol açýar. Iň asylly işler, döwletli tutumlar
Watanyň beýgelmegi üçin amala aşyrylýar ahyryn.
Watanyň goragy
ähli mukaddeslikleriň goragydyr. Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň abraýynyň
belende galmagy bizi has-da guwandyrýar. Eziz Arkadagymyzyň bu kitaby külli
türkmen halky, Watan goragçylary üçin sargytlaryň, ýol-ýörelgeleriň giden bir
ummanydyr.
Kitabyň her bölümi bir dessan. On
dört bölümiň içindäki maglumatlar durkuň bilen Watana berilmäge güýç-kuwwat
eçilýär. Pederlerimiz Oguz hanyň, Süren serdaryň, Gorkut atanyň, Görogly begiň, Alp Arslanyň,
Jelaleddin Meňburnuň, Baýram hanyň, Togrul begiň, Çagry begiň, Magtymguly
Pyragynyň, Keýmir serdaryň edermenligi, watançylygy hakynda dürli hekaýatlaryň
üsti bilen täsirli söhbet edilýär. Äht etmek, wepadarlyk kasamy hakyndaky
hekaýatlar hem kalbyňy heýjana salýar. Oguz handan gelýän bu ýörelgäni dowam
edýän pederlerimiz Daňdanakan söweşinden soň agzybirlik hakynda äht edipdirler.
Köneürgenç döwletiniň şasy Atsyzyň Soltan Sanjara ýazan hatyndan hem watançylyk
kasamynyň geçmişde eýeleýän ornuna akyl ýetirmek bolýar. Bu hat orta asyrlarda
Merkezi Aziýadaky halkara gatnaşyklarynyň taryhyndan bir ajaýyp sahypadyr.
Hormatly
Prezidentimiziň bu kitabynda türkmen harby sungatynyň uzak taryhy döwrüň
dowamynda ýeten sepgitleri barada gyzykly maglumatlar berilýär. Geçmişde
halkymyzyň saz gurallarynyň diňe toý-dabaralarda çalynman, harby maksatlarda,
ýörişlerde owaz etmek hyzmatyny ýerine ýetirendigi beýan edilýär. Birmahal
harby ýörişlerde ulanylan saz gurallary ýigitleri ruhlandyran bolsa, indi
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň altyn nesilleriniň elinde
abadançylygy we parahatçylygy wasp edip ýaňlanýar.
Eziz
Arkadagymyzyň bu kitabynyň many dürleri täze ylmy barlaglara badalga berýär.
Watany söýmegi, goragynda sak durmagy,
mertligi, batyrlygy öwredýän, ylmy innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy
nesihat edýän bu kitap elmydama biz üçin arzylydyr. Türkmen halkyna baky
bagtyýarlygy bagyş eýlän, bize döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri
döredip berýän mähriban Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys!
Toýly Hommyýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.