22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
BSGG-nyň edarasynyň baştutany bilen onlaýn duşuşyk geçirildi
BSGG-nyň edarasynyň baştutany bilen onlaýn duşuşyk geçirildi
11.08.2020 117 Habarlar

10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we ugurdaş pudaklaryň hünärmenleriniň yzygiderli pikir alyşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi hem BSGG-niň ÝSE-nyň Direktory bilen geçirilen pikir alyşmanyň temasy boldy.