Watanyň Tuguny belentde saklap,
Jan Watanym, iýdiren duzuňy haklap,
Kalbymyz, ýüregmiz hemişe päkläp,
Biz Watanyň
batyr, esger ýaşlary.
Okarys, öwreneris Watanmyz üçin,
Geçmişimiz üçin, geljegmiz üçin,
Her bir daban ýeriň gymmaty üçin,
Janyn orta
goýar Watan ýaşlary.
Berdimuhamet Annaýew adyn göterýäs,
Watan waspyn zybanmyza getirýäs,
Has köp okap, bilimmizi ýetirýäs,
Biz harby
mekdebiň esger ýaşlary.
Arkadag saýasynda bagtly biz,
bagtly,
Ykbalymyz röwşen, altyndan
tagtly,
Oguzhan kowmy biz, bolup gaýratly,
Biz harby
mekdebiň batyr ýaşlary.
Tuga togap eden Kasammyz üçin,
Jandan eziz görýän Watanmyz üçin,
Gahryman Arkadag, Gerçegmiz üçin,
Berkarar
döwletiň harby ýaşlary.
Öňe, diňe öňe – baş şygarymyz,
Ugur aldyk röwşen ertä sary biz,
Watan şöhratymyz, baky şanymyz,
Arkadagyň
nesli – esger ýaşlar biz.
Altyn Baýramdurdyýewa,
«Bereketli toprak» gazetiniň uly habarçysy, şahyr.