Taryhyň dürli döwürlerinde uly döwletleri berkarar
edip, özleriniň gahrymançylyklary, guýmagursak edermenlikleri bilen öçmejek yz
galdyran şöhratly şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly baradaky wakalardyr başdan
geçirmeleri bilen bagly kitaplaryň sahypalaryny agtaranymyzda, olaryň
deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlygyna, merdi-merdanalygyna guwanýarsyň hem-de öz
ýanyňdan buýsanýarsyň.
Beýik gahrymançylyklary bilen türkmen halkymyzyň
şöhratly geçmiş taryhynda ebedilik yz goýan şahsyýetlerimiziň biri-de, alty
asyrlap üç yklymda at çapdyryp, öz hökümini ýöreden Osman-Türkmen döwletiniň
binýadyny tutan Osman gazynyň kakasy Ärtogrul gazydyr. Ärtogrul gazy Oguz
türkmenleriniň Gaýa taýpasyndan bolup, kakasynyň ady Süleýman, ejesi bolsa
Haýma enedir. Käbir çeşmelerde Gündüz Alp diýlip tanalýan Süleýman şanyň dört
ogly bolup, olar Gündogdy, Sungur Tekin, Ärtogrul gazy we Dündar beglerdir.
Ärtogrulyň ogullary bolsa Sawçy beg, Gündüz we Osman gazy begdir. Aýaly Halime
hatyndyr. Gaýa Han kowmy Oguzlaryň Günhan şahasyndan gaýdýar. Taryhçy Zeki
Weledi Togan «Umumy Türk taryhyna giriş» atly kitabynda Osmanlylaryň atalary
baradaky rowaýatlara salgylanyp, olaryň Mawerennahrdan Merw şäherine, ýagny
Horasana gelendigini, soňra mongol goşunlarynyň aralaşmagy bilen 50-70 müň öýli
töweregi türkmeniň günbatara tarap çekilendigini aýdýar.
Ýene-de şol ýerde Atamälik Jüweýnä salgylanyp:
«Çingiz hanyň goşunynyň Horasana aralaşan wagty 70 müň öýli türkmeniň Merw
şäheriniň töwereginde jemlenendigini, ýöne bu ýerlerde-de uzak durman günbatara
tarap gidendiklerini» belläp geçýär. Şeýlelikde Horasandan gelen gaýalar Ahlata
ýerleşýärler. Olar bu ýerde dokuz ýyldan gowrak wagt bolýarlar. Osmanly
taryhçysy Aşyk Paşazadeniň rowaýat etmegine görä, Horasandan gelen türkmenler
bilen birlikde gaýalar ilki Ahlata ýerleşýärler, ol ýerdenem Erzurum, Erzinjana
göç edýärler. Bu ýerde az wagt ýaşanlaryndan soňra Halapa göçýärler.
Baştutanlary Süleýman şanyň aradan çykmagy bilen, Erzurumyň Pasin obasynda
ýerleşýän Sürmeli çukura (Araz jülgesine) göçýärler. Süleýman şanyň uly
ogullary Gündogdy we Sungur Tekin ol ýerden aýrylyp, asyl ýurtlaryna – Horasana
tarap yzlaryna dolanýarlar.
Pasin obasynda ýedi ýyl töweregi ýaşanlaryndan
soňra, bu ýerde gyşyň has aýazly gelmegi bilen ýanynyň 400 öýli taýpasyny hem
alyp Ärtogrul gazy we inisi Dündar beg ýaşamak üçin has amatly ýer gözläp
günbatara – Erzinjana tarap ýola düşýärler.
Şol ýyllar ýagny XIII asyryň birinji ýarymynyň
soňunda gündogardan gelen mongol leşgerleri Kawkazy we Gündogar Anadolyny
eýeleýärler. 1243-nji ýylda Anadoly Seljuklarynyň Kösedag söweşinde mongol
goşunlaryndan ýeňilmegi hem üstesine bolýar. Beýik Seljuklylar döwründe bu
ülkelere gelip ýerleşen türkmenler mongollar tarapyndan ýaşaýan ýerlerinden
gysylyp çykarylýarlar.
Mekanlaryndan gaýdan oguzlar orta Anadoly diýilýän
ýerlere we günbatara tarap süýşýärler. Olaryň bu ýerlerde mekan tutunmaklary
bolsa, Anadoly Seljukly döwletiniň serhet ýakalarynda toplanan türkmenleriň
demirgazyk-günbatar we günorta welaýatlarynyň döremegine getirýär. Bu ýerlere
ýerleşen türkmen taýpalary taryhy çeşmelerde esasan «Türkmenul-Uç» uç
türkmenleri ady bilen bellidir. Günbatar Anadolydaky Uç türkmenleriniň esasy
wezipesi, Seljukly döwletiniň Wizantiýa bilen bolan göreşinde serhet
howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat bolupdyr.
Seljukly döwleti tarapyndan dolandyrylýan bu uç
welaýaty Sinop we Kastamonudan başlap, Antalýa çenli uzan ýerleri öz içine
alypdyr. Bu uçlar öz içinde gadymy türkmen döwlet dolanyşygynyň bir mysaly
hökmünde «sag» we «sol» görnüşinde iki gola bölünipdir. Seljukly soltanyna
bagly bolan bu iki gol uç beglikleri, soltanyň emri bilen bellenen beglerbegi
ýa-da begler tarapyndan dolandyrylypdyr. Ankara ýakynlarynda az wagtlyk
ýerleşenden soňra, Ärtogrul gazy Wizantiýa serhedine, Sakarýa oazisinde
ýerleşen Sögüte gelýär. Anadoly Seljukly Soltany Alaeddin Keýkubadyň I
emrindäki sag gol beglerbegi Hüsameddin Çopan beg soltanyň ady bilen Kryma
garşy ýöriş edýär. Bu ýagdaýdan peýdalanan Wizantiýa goşunlary uçlara, ýagny
Seljukly döwletiniň çäklerine aralaşýarlar.
Seljukly topraklaryna giren Wizantiýalylara garşy
sapak bermek we günbatar serhet ýakasyny öz emri astyna almak üçin Ärtogrul
gazy Seljuklylaryň serkerdesi hökmünde goşunyň öňünde hereket edýär hem-de
Wizantiýa goşunyny ýeňlişe sezewar edýär. Bu ýeňişden soňra Soltan Alaeddin
Keýkubat I, Eskişehiri (Soltanöýügi) we onuň töweregini sowgat berýär.
Ärtogrul gazy döwründe sol gol uç welaýaty bolan
Eskişehir we Afýonkarahisara çenli ýerler we iç il diýip atlandyrylan ýerler
(Iç Anadoly) Garaman ýaýlasyndaky daglyk ýerleriň türkmen halky gozgalaň
edýärler. Türkmenleriň bu gozgalaňy bolsa, uç welaýatlaryň döwlete bagly
düzgüniniň bozulmagyna getirýär. Netijede, birnäçe garaşsyz beglikleriň we
hanlyklaryň emele gelmegine getirýär. Sag goluň begleri we halky bolsa
seljuklara bagly bolup galýarlar. Şeýlelik-de, Seljukly döwletine baglylygy,
olaryň abraýynyň döwlet derejesinde göterilmegine getirýär. Bu ýagdaý Ärtogrul
gazy we onuň ýerine geçen ogly Osman gazynyň uç ýerlerinde syýasy üstünlik
gazanmagyna esas bolýar.
Seljukly döwletine wepalylygy, duşmanlaryna garşy
söweşlerde gaýduwsyzlygy we üstünlikli ýeňişlerinde ýurdunyň azatlygyny şygar
edinmegi Ärtogrul gazynyň goňşy türkmen beglikleriniň arasynda abraýynyň
göterilmegine hem-de artmagyna getiripdir. Bu bolsa Anadolynyň dört tarapyndan
gazylaryň, batyrlaryň, alymlaryň öz tugunyň astynda birleşmegine sebäp bolýar.
Ärtogrul gazynyň bu üstünlikleri netijesinde Seljukly soltany Osmanly
begliginiň ilkinji merkezi bolan Sögüti we töweregini oňa berýär. Ärtogrul
gazynyň ilkinji merkezi bolan we Osman gazynyň-da begligiň başyna geçen ýeri
bolan Sögüt, Osmanly döwletiniň gurulmagynda taryhy ähmiýete eýedir.
Netijede, Anadolyda Seljuklylaryň günbatar
serhedindäki Sögüte we Domaniçe ýerleşen Ärtogrul gaza «Uç begi» derejesi
berilýär. Ärtogrul Gazy Wizantiýa garşy beýleki uç begleri bilen birlikde söweş
alyp barýar, bir tarapdanam Rum begleri bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürýär.
Gyşyny Sögütde, ýazyny bolsa Domaniçde geçiren Ärtogrul gazy we gaýalar, gelip
goşulýan söweşijilerdir, gazylaryň kömegi bilen gün-günden kuwwatlanyp
başlaýarlar. Ärtogrul gazy 1281-nji ýylda 93 ýaşynda Sögütde aradan çykýar.
Onuň nesillerinden 34-nji Osmanly soltany Abdulhamyt II (1876-1909) Sögüte,
beýleki Osmanly Soltanlaryndan tapawutlylykda aýratyn üns berýär hem-de onuň
ýatan ýerinde kümmet gurdurýar.
Ärtogrul gazynyň ömür ýoly, begliginiň
ýolbaşçylygyny ele alan gününden başlap, diňe at üstünde we göreşlerde
geçipdir. Goňşy türkmen beglikleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürip,
emrindäki halkyny asuda we parahat durmuşda ýaşadypdyr. Halk arasynda
jomartlygy, adyllylygy, merhemetliligi, päk ýürekliligi, sabyrlylygy,
parasatlylygy we döwlet adamsyna mahsus öňdengörüjilik häsiýeti bilen özüni
tanadan Ärtogrul gazy, özünden soňky nesiller üçin nusga alarlyk mekdepdir.
Ärtogrul gazy ogly Osman gaza kiçi bir beglik, tejribeli we wepaly serkerdeler,
uly abraý miras goýýar hem-de geljekki ýeňişleri üçin ýol açýar. Kakasy
Ärtogrul gazy bilen Osman begiň guran döwleti soňlugy bilen Beýik Osman Türkmen
döwleti astynda dünýäniň üçden birine 600 ýyldan gowrak wagtlap höküm
edýär.
«Aslynda, türki halklar beýik bir daragtdyr. Siz
şol daragtyň köküsiňiz, biz onuň pudaklarydyrys. Çünki, biziň ata Watanymyz
siziň topragyňyzdyr» diýip, Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti Süleýman
Demirel 1993-nji ýylyň dekabrynda Ankara şäherinde türkmen žurnalistleri bilen
söhbetdeşliginde nygtapdy. Şeýle hem şol söhbetdeşlikde ol: «Beýik Seljuk
döwletini guranlar hem türkmenleriň kynyk taýpasyndandyr. Osmanly döwletini
gurup, Wena çenli türküligi we musulmanlygy ýöreden gaýy taýpasy-da türkmendir»
diýip belläp geçipdi. Türkmen halky şeýle şöhratly we baý taryhynyň bardygyna
buýsanmaga doly haklydyr.
Agaberdi SUHANOW.