03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Berkarar Watan / Seýitmämmet Berdimämmedow
Berkarar Watan / Seýitmämmet Berdimämmedow
13.01.2020 921 Bäsleşik

Her garyş topragňy gözüme sürtüp,

Ykbalymy bagladym seň goýnuňa.

Gursagymda gaýnap joşýar, gör, bu gün,

Buýsanjym bar şu günüme, düýnüme,

Ak süýt kimin ertirleriň bar, Watan,

Eziz Arkadagly, berkarar Watan.

Synlap gözüm doýmaz mermer paýtagtym,

Dana Arkadagyň sungat eseri.

Gözel ülkäm, sensiň meniň ak bagtym,

Başymyzyň täji, gözler röwşeni,

Bu goja zeminde sen juwan, Watan,

Eziz Arkadagly, berkarar Watan.                         

Baksam guwanjymdan nemlener gözüm,

Togap edip bu alnymy goýdugym

Bu gün gök asmanda bezäp arş ýüzün,

Belentde parlaýar ýaşyl baýdagym.

Dünýäniň öňünde sen ykrar, Watan,

Eziz Arkadagly, berkarar Watan.                  

Tänip göýä Erem bagy uçmahdan,

Bu diýaryň mesgeninde ýerlenen.

Göwünler bäs edýär göge uçmakda,

Gözel görnüş ýüreklere perlenen,

Roýy baky bahar, gül ruhsar Watan,

Eziz Arkadagly, berkarar Watan.

Dillere dessan sen, güllere bossan,

Ýaýlalaryň läle-reýhan, reňbe-reň,

Iline-gününe gahryman-hossar,

Ak ýollara gadamyndan reň beren,

Älemiň kalbynda yşky-nur Watan,

Eziz Arkadagly, berkarar Watan.

Seýitmämmet Berdimämmedow,

Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.