Şu gün ir
säher bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň, Alp
Arslanyň, Soltan Sanjaryň adyny göterýän ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde
«Soňky jaň» dabarasyna badalga berildi.
Gahryman
Arkadagymyzyň atasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy, Watanyň
wepaly ogly, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline
hem-de «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäreleri Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby
mekdebindäki dabara aýratyn many-mazmun berdi. «Soňky jaň» dabarasynyň buýsanjy
baş şäherimiz Aşgabadyň gününiň şatlygy bilen ajaýyp sazlaşygy, ruhy ýokary
göteriliş ýagdaýyny döretdi.
Soňra «Soňky
jaň» dabaralary başlangyç harby bilim ojaklarynyň nyzam meýdançalarynda
ýaýbaňlandyryldy.
Ilki
bilen ýurdumyzyň Döwlet senasy buýsançly ýaňlandy. Soňra Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň mekdep
okuwçylaryna baýramçylyk Gutlagy diňlenildi. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň
göreldeli uçurymlary deň-duşlaryny we beýleki synplaryň harby okuwçylaryny
ajaýyp sene bilen gutladylar. Ýaş watançy uçurymlaryň ene-atalarynyň
baýramçylyk gutlagynda hem merdanalygyň milli mekdebini geçen perzentlerine
buýsançly ýürek sözleri öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Aýratyn Hormat garawuly polkunyň şahsy düzüminiň
görkezme çykyşlary, nyzamlary emelleri hem dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak
täsir galdyrdy. «Soňky jaň» baýramy
mynasybetli dabaralarda ýaňlanan aýdymdyr sazlar uçurymlaryň göwnüni
ganatlandyrdy.
Milli goşunymyz
üçin başlangyç harby taýýarlygy geçen ýaş watançylary taýýarlaýan
ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň uçurymlary baýramçylyk dabarasynda nyzam
meýdançasynda buýsançly başlaryny belent tutup, nyzamly ýöräp geçdiler. Bu
ajaýyp hem buýsançly pursatlara olaryň ata-eneleri we beýleki dabara
gatnaşyjylar şaýat boldular. Watan goragynyň ýaşajyk gerçekleriniň gözlerinde
uçganaklaýan şatlyk alamatlary, eginlerindäki ak harby okuwçy lybasy olary
has-da dogumly görkezýär.
Ýöriteleşdirilen
harby mekdebiň «Soňky jaňynyň» owazy harby okuwçylar üçin örän özboluşly ýaňlandy.
Bu buýsançly ahwalat olaryň ýurt goragçysy adyny almak ýolunda bir basgançak
belende galandyklaryny buşlaýar. Gutardyş we döwlet synaglaryny üstünlikli
geçenlerinden soňra, harby mekdepleriň uçurymlary üçin has-da jogapkärçilikli,
aýgytly döwür başlanýar. Çünki harby mekdepleriň uçurymlary saýlan hünärinden
ýokary bilim almaga ýa-da çagyryş boýunça harby gulluga taýýarlanýarlar. Bu
ýolda olara başlangyç harby bilim ojagynda alan bilimi, özleşdiren harby
taýýarlygy bilen birlikde mugallymlaryň öwüt-nesihatlary hem ýol-ýörelge, çelgi
bolar.
Ýaş watançy
uçurymlar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly
Belent Serkerdebaşymyza wepaly gulluk etjekdikleri barada ynandyrdylar.
Ýoluňyz ak bolsun,
uçurymlar!
«Soňky
jaň» dabarasynyň täsirli pursatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar bilen «Multimedia» bölüminde
tanşyp bilersiňiz!
«Milli goşun».