(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Bu suraty görýäňizmi?! Nähili gowy çekilipdir. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Merjen Kurbangeldiýewa bu eserini «Bagtyýar nesil» diýip atlandyrypdyr. Biz bu surata seretsek, öz çagalygymyz ýadymyza düşýär.
Ýagly reňklerde nepislik bilen çekilen suratyň çeper sýužetinde çagalaryň gülüp-oýnap ýören bagtly pursatlary şekillendirilipdir. Suratyň öz täsiri, öz ýakymlylygy bar. Çaga dünýäsi gyzykly. Olaryň şatlykly alamatlaryny her bir oýuna höwesek hyjuwlaryndan duýmak bolýar.
Kompozisiýa çözgüdi çagalaryň dynç alyş ýeri bilen sazlaşykly gurlup, umumy bitewileşdirilipdir. Nakgaşçylyk sungatynyň talaplaryna laýyklykda, bu görnüş ajaýyp ýerine ýetirilipdir. Birinji meýilnamada üýşmeleň, topar-topar oýnap ýören körpeler bolsa, ho-ol aňyrda çagalaryň arzylaýan ýeri bolan Gurjak teatry görünýär. Ýene beýleräginde ak mermere bürenen Aşgabadymyzyň hatar gurap gidýän binalar toplumynyň bölegi öz beýanyny tapýar. Asuda asman, parahat şäher, paýtagtyň gözel tebigaty – bularyň ähli birleşip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplygyny, Arkadagymyzyň ajap eýýamynyň şuglasy aýdyň alamatlandyrylypdyr. Seni ýakymly duýgulara iterýän bu nakgaşlyk suraty kalplarda çagalyk joşgunyny döredýär.
Sungatyň milli akademiki talaplary boýunça ýerine ýetirilen bu eser ajaýyp zamanamyza bolan buýsanjyňy artdyrýar. Elbetde, ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabat, aýdylyşy ýaly, bagtly çagalygyň mekany.
Dogrudan-da, çaga maşgalanyň bagtyna, döwrümiziň bagtyýarlygyna deňelýär. Bu surat bolsa, şeýle pursatlaryň kendire geçen keşbidir.
«Milli goşun».