milli goshun logo
«Asman bürgütleri» söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdiler
«Asman bürgütleri» söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdiler
21.10.2023 599 Harby durmuş

Ýaragly Güýçlerimiziň ygtyýaryndaky täze, döwrebap uçarlar we dikuçarlar harby okuw türgenleşiginde ençeme söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdiler. Howadan hüjüm edýän söweşjeň uçarlar yzygiderli howa urgularyny amala aşyryp, garşydaş nyşanalary hatardan çykardylar. Söweşjeň uçarlara ussatlyk bilen erk edýän harby gullukçylarymyz asman giňişliginde çylşyrymly hereketleri edip, özleriniň hünär ussatlyklaryny ýene bir ýola subut etdiler. Olaryň bu hereketleri toparyň agzalarynyň söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmekde häzirki zaman usullaryny we ösen harby tejribeleri mynasyp özleşdirendiklerini görkezdi.