13-nji
sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň
83-nji mejlisi boldy.
Türkmenistanyň
2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça
çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda guralan foruma GDA-nyň ýerine ýetiriji
komitetiniň, Arkalaşyga—gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň wekilleri, Azerbaýjan
Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň,
Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň,
Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan
Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ykdysady
geňeşiň bu gezekki mejlisi 20 ýylyň dowamynda GDA-nyň çäklerinde kabul edilen
ylalaşyklaryň, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we erkin söwda zolagyny
döretmek hem-de onuň hereket etmegini ýola goýmak, beýleki durmuş-ykdysady hyzmatdaşlyk
meseleleri hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň
GDA-nyň çäklerindäki däp bolan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde we
pugtalandyrylmagynda eýeleýän ornuny nobatdaky gezek tassyklady.
Forumyň
dowamynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şeýle hem
Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň
kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.