(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Häzirki döwürde «Aşgabat» sözüniň döreýşi barada birnäçe pikir bar. Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – keramatly ärsagyň şäheri» atly kitabynda bu barada gyzykly maglumatlar getirilýär.
Kitapda beýan edilişi ýaly, XX asyryň birinji onýyllyklarynda belli dilçi alym A. Poseluýewskiý bu şäheriň adynyň parfiýa patyşalarynyň haýsy hem bolsa biriniň ady bilen baglanyşyklydygy baradaky çaklamany öňe sürdi.
XX asyrdaky dürli neşirlerde bu şäheriň ady aşakdakylar ýaly düşündirildi.
1. Taryhçy S.G. Agajanow: «Aşgabat – Ärsaglar şäheri».
2. Jugrafiýaçy E.M. Mürzäýew: «Astarta atly hasyllylygyň we söýginiň zenan hudaýynyň şäheri».
3. Dilçi alym S. Atanyýazow: «Aşgabat –Yşkabat («eşh» – söýgi we «abat» – mekan, şäher».
Ine, Aşgabadyň ady bilen baglanyşykly käbir düşündirişler şulardan ybaratdyr. Şahyrlaryň biriniň şygrynda «Baky juwan, Aşgabat» diýilýär. Merjen şäherimize 140 ýaşly şäher diýer ýaly däl. Ol – hemişelik juwanlygyň, ýaşlygyň, aşyklaryň, gözelligiň, söýginiň şäheri.
«Milli goşun».