(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Sungaty öwrenijileriň pikirlerine görä, nakgaşlyk – seredip, synlap bolýan sungat, heýkeltaraşlyk – daşyndan aýlanyp bolýan sungat, binagärlik – içinden geçip bolýan sungat. Ine, her gezek Aşgabat hakynda bir zat ýazmaly bolanda şu pikirler ilki sere gelýär. Aşgabat – sungat eserleriniň jemlenen ýeri – galereýasy. Onuň islendik künjeginde durup, nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik eserleriniň iň ajaýyp nusgalaryny synlap bolýar. Onuň islendik künjeginde durup, guşlaryň, agaçlaryň, çüwdürimleriň, «dag tarapdan typyp gelen «ýaşyl» şemalyň, mymyk şemalyň», şadyýan çagalaryň, sazlaşykly geçip duran ulaglaryň seslerinden düzülen simfoniki sazy diňläp bolýar. Onuň islendik künjeginde al-gyzyl gülleri synlap, parfýumeriýa sungatynyň iň tebigy nusgalaryny (belki-de ony başgaça aýtmalydyrys, meselem, aromaterapiýa bejergisiniň iň tebigy serişdelerini) kabul edip bolýar. Onuň asuda, erkana, nurana, dostana keşbi – şahyr Kakamyrat Rejebowyň sözi bilen aýtsak, «Bagtyň suraty».
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpgöter özgertdi. «Aşgabat – bagtyýarlyk döwrüniň şäheri» atly neşirde: «Aşgabat – berkararlygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşleriň, döredijiligiň, döwletliligiň, aýdym-sazlaryň şäheri. Aşgabat – türkmeniň ýüreginiň buýsanjy, gözüniň guwanjy, kalbynyň aýdymy, ruhy galkynyşynyň çeşmesi. Aşgabat – ak ýollaryň, ak arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri. Aşgabat – Merkezi Aziýanyň merjeni, parahatçylyk dörediji merkez» diýlip, buýsanç bilen bellenilýär. Hakykatdan-da, bedew batly ösüşiň, rowaçlygyň nemunasyna öwrülen Aşgabat halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň zehin yhlasyndan günsaýyn gülläp ösýän ak mermerli Aşgabat – ýurdumyzyň ýüregi. Ol – parahatçylygyň, ynanyşmagyň, bagtyýarlygyň Watanynyň paýtagty. Ol – bagtyýar urýan kalplaryň baky aýdymy. Goý, milli Liderimiziň yhlasyndan bina bolýan Aşgabadymyzyň her bir güni toý-baýramlara beslensin!
Laçyn PÜRJÄÝEWA.