Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän şäher tipli täze obalaryň birinde Maýa daýza diýen tanymal zenan ýaşaýardy. Maýa daýzanyň gol doly maşgalasy bardy. Onuň körpe ogly Nurmyratdan başgasynyň ählisi-de öýli-işiklidi. Indi Maýa daýzanyň bar aladasy orta mekdebi tamamlap barýan körpesidi. Nurmyrat hortapdan gelen ejizräk oglan bolansoň, ejesi ony ýelden-günden apalap gezerdi. Ýatsa-tursa kellesinde Nurmyradyň aladasydy.
– Bä-ä, Alla janlarym, okuwam-a tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Hä diýmänem ellerine gutardyş hatlaryny berseler, yzysüre-de harby wekillik çagyryp başlasa... – diýip, kellesini tutup, oýa batyp galdy. Birhaýukdan soň gyzyl tapan ýaly bolup, ýylgyrjyrap özüne geldi. Ol bu tapan çykalgasyna öz ýanyndan monça boldy.
Maýa daýza ertir turup, säher bilen etrap merkezindäki harby wekiliň ýanyna baryp, oglunyň ejizligini göz öňünde tutup hem-de ýokary okuw mekdeplerinde okuwyny dowam etdirmek meýliniň bardygyny aýdyp, ondan haýyş edip görmekligi ýüregine düwdi...
Harby wekili-de Maýa daýzanyň etrapda sylanýan ýaşuly zenanlaryň biridigini hem-de almaly esger sanynyňam ýetikdigini göz öňünde tutup, oňa alty aý puryja berip biljekdigini aýdyp, begendirip goýberdi. Maýa daýza bu bitiren işine monça bolup, öýüne nädip gelenini-de bilmän galdy.
Emma Nurmyrat onuň bu getiren «hoş habaryna» kes-kelläm garşy çykdy. Ol özüne sala salman gidip, özbaşdak «iş bitirip» gelen ejesine nägileligini bildirip, öýünden çykyp gitdi. Şeýdip, üç-dört günläp eneli-ogul gürleşmän gezdiler. Ahyry ejesi: «Bolýa, oglum, öz bileniňi et, men-ä saňa gowusyny etjek boldum» – diýenden soň, Nurmyradyň ýüzi ýagtylyp başlady...
Şeýlelikde, Nurmyrat öz islegi bilen Watan gullugyna gitdi. Onuň baryp düşen harby bölümi-de welaýat merkezleriniň birinde, ähli amatlyklary göz öňünde tutulan ajaýyp binada ýerleşýärdi. Nurmyrat özi ýaly ýaş esgerler bilenem tiz öwrenişip gitdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýaş esgerler hakyndaky aladalary bilen gurşalan bu harby bölümdäki jennedi ýatladýan durmuş, şagalaňly geçýän sport ýaryşlary oňa öýüni küýsetmedi. Harby gullugyň şertlerine laýyklykda guralan tertip-düzgün, bedenterbiýe we irki maşklar, wagtly-wagtynda berilýän kadaly iýmitler, galyberse-de, harby bölümiň sport meýdançasyndaky sportuň dürli ugurlaryna degişli desgalar ejizjek Nurmyrady alty aýyň içinde pälwan gerçege öwürdi.
Harby bölümiň sport meýdançasyndaky dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen sport enjamlarydyr desgalary oglany özüne maýyl etdi. Serkerdeleri-de onuň sporta bolan höwesini göz öňünde tutup, ony şol ugra ugrukdyrdylar. Güýçli harby tälimçileriň elinde terbiýelenýän Nurmyrat başda-başda harby bölümleriň arasynda, soňabaka döwlet derejesindäki ýaryşlarda adygyp ugrady.Harby serkerdeler tarapyndan onuň öýüne, okap gaýdan mekdebine gelýän hormat hatlaryňdyr, minnetdarlyklaryň yzy üzülenokdy... Onuň bu üstünliklerine bütin il begenýärdi. Maýa daýza-da bir gez beýgelip, ýaşaran ýaly boldy. Mekdep okuwçylarydyr oba ýaşlary-da Nurmyrat ýaly daýaw, berdaşly watançy esger bolmaklygy arzuw edip başladylar...
Maksat Azadow,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.