Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2025-nji
ýylyň dekabr aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.
Ilkinji sahypalarda «Täze eser – ýaşlar üçin belent
serpaý» atly uly göwrümli makala ýerleşdirilip, onda hormatly Prezidentimiziň
«Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly
täze kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumyň
ähmiýeti, kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň mazmuny hem-de Türkmenistanyň öňe
sürýän parahatçylykly başlangyçlarynyň dünýä derejesinde goldaw tapýandygy
barada gürrüň berýän makalalar okyjylara hödürlenilýär.
Žurnalyň möhüm ugurlarynyň biri zenanlaryň jemgyýetdäki
ornuna bagyşlanýar. «Gender deňliginiň bähbidine halkara dialog» atly
giňişleýin makalada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara
maslahat barada gürrüň berilýär.
«Bedew batly, at-myratly şanly ýyl» atly makala türkmen
ýaşlarynyň täze ýylyň şygaryna bolan buýsanjyny beýan edýär. Paýtagtymyzdaky
«Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda 2025-nji ýylyň
jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatyň ýaşlar üçin ähmiýeti «Parahatçylyk –
ýaşaýşyň tugy» atly makalada beýanyny tapýar.
Neşirde türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary baradaky
pikirler «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary» atly makalada
dowam etdirilýär. Žurnalyň täze sanynda geçen ýylyň jemleýji günlerinde
hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna mynasyp bolan ýaşlar baradaky makala
bilen birlikde şol ýaşlaryň birnäçesiniň çykyşlary hem ýerleşdirilipdir. «Şanly
ýylda parlan ýyldyz» atly makalada «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň 2025-nji
ýyldaky ýeňijisi barada maglumat berilýär.