Arkadag şäherinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýyly garşylamak
dabarasy şatlykly wakalara baý boldy.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary “akylly”
şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň merkezi meýdançasynda
baýdak galdyrmak dabarasyndan başlandy. Munuň özi ýurdumyzda asylly däbe
öwrülen çäredir. Dabara şäher ilatynyň we onuň myhmanlarynyň ruhuny belende
göterdi. Dürli reňkli howa şarlarynyň asmana uçurylmagy şanly seneleriň
hormatyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň uly dabaralara beslenýändigini ýene
bir gezek aýdyň görkezdi. Ýygnananlaryň şatlyk-şowhuny belent ruha beslenen
aýdym-sazlar bilen utgaşyp, ýurdumyzda berkarar bolan bagtyýar durmuşyň
özboluşly beýanyna öwrüldi.
Soňra bu ýerde dabara Arkadag şäheriniň çägi boýunça
ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk ýörişi bilen dowam etdi. Täze ýyly mynasyp
derejede garşylan şäheriň keşbinde aýratyn gözellik emele geldi. Şäheriň bir
bitewi sazlaşygy döreden döwrebap binalary, nurana ýollary we suw çüwdürimli
meýdançalary baýramçylyk lybasyna beslendi. Baýramçylyk dabaralary medeniýet we
sungat ussatlarynyň, ýaşajyk artistleriň şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy.
Aýazbaba we Garpamyk bagtyýar çagalar bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Täze
ýyl arçasynyň ýanynda guralan aýdym-sazly çykyşlara goşuldylar.
Soňra çäreler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar
sagaldyş-dikeldiş merkezinde dowam etdi. Bu ýerde bejergi alýan çagalara
hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Täze ýyl
sowgatlarynyň gowşurylmagy has-da ýatda galyjy boldy. Aýdym-sazly çykyşlar
bilen utgaşykly dowam eden dabaranyň çäklerinde çagalar dürli süýjüliklerden we
naz-nygmatlardan, okuw esbaplaryndan, interaktiw serişdelerden ybarat bolan
sowgatlary uly hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Bu ýerde Täze ýyl
baýramçylygy mynasybetli çagalara ilkinji gezek saz gurallary hem sowgat
berildi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde döredijilik ukybyny ösdürmek,
olaryň aýdym-saza höwesini artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän
aladanyň aýdyň nyşanydyr.
Çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin döwlet
Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.