Baýramçylyk dabaraly harby ýörişinde nyzamly hatarlaryň yzy bilen zenan harby gullukçylaryň gelmegi taryhda wepadarlygyň, merdemligiň nusgasyna öwrülen Tumar şa, Zarina, Banu Çiçek, Burla hatyn, Harmandäli ýaly ata Watany goramakda öçmejek yz galdyran türkmen gelin-gyzlarynyň watançylyk ruhunyň nyşanyna öwrüldi.
Zenan harby gullukçylaryň dabaraly harby ýörişden merdemlilik, gaýratlylyk bilen geçmekleri harby we hukuk goraýjy edaralarynda mähriban Watanymyza asylly gulluk edýändikleriniň, ýurdumyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine saldamly goşant goşýandyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Dabaraly harby ýörişden täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!