Şu
gün Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler
Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Arzuw
ganatlary» atly dabara geçirildi.
Çagalar
döwletimiziň hemişe üns merkezindedir. Gadymdan gelýän ynsanperwerlik we mätäje
goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere eýerilip, Garaşsyz Watanymyzda ata-enesiniň
howandarlygyndan mahrum bolan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen
gurşalýar. Olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, bagtyýar geljegini üpjün etmek üçin
döwlet derejesinde tagalla edilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
tarapyndan näsag çagalara uly goldaw berilýär. Bu gazna 2021-nji ýylda Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Haýyr-sahawat gaznasy näsag çagalara
dürli lukmançylyk operasiýalaryny geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen
mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän çagalara lukmançylyk kömegini
bermek hem-de olaryň saglygyny dikeltmek, zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny
satyn almak üçin yzygiderli serişdeleri bölüp berýär.
Häzirki
wagtda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
halkara ynsanperwerlik ulgamynda alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýär.
Halkymyzyň gadymdan gelýän haýyr-sahawat däplerine, ynsanperwerlik
ýörelgelerine eýermek bilen, dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir
çeken çagalara kömek we goldaw berýär. Bu gazna bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň,
Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň arasynda gol çekilen özara
düşünişmek hakynda Ähtnamalar çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy
giňeltmäge gönükdirilendir.
...Dabara
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti,
ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky halkara guramalaryň we diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, orta hem-de ýokary okuw
mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň wekilleri, talyplar
gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, «Jahan» döredijilik merkeziniň
çagalar aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Soňra
çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Ol hemmeleri mähirli
mübärekläp, dostlugy, wepalylygy we arzuwlaryň hasyl bolmagyny alamatlandyrýan,
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
geçirilýän bu dabaranyň haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň nyşany bolup
durýandygyny belledi.
Soňra
O.Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň we onuň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam
etdirýän hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen geçirilýän çärä daşary ýurtly
myhmanlaryň gatnaşýandygyny nazara alyp, çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri
bolan iňlis dilinde dowam etdi.
«Şu
günki çärä gatnaşýandygyňyz üçin size minnetdarlyk bildirýärin. Biz bu şanly
günde — Bütindünýä çagalar gününde ähli çagalaryň abadançylygyny üpjün etmek
işine umumy ygrarlylygymyzy ýene-de bir gezek tassyklamak üçin bir ýere
jemlendik. Haýyr-sahawat gaznasy hökmünde biz ösüp gelýän ýaş nesliň beden,
intellektual, durmuş abadançylygyna işjeň ýardam etmek üçin ýerli guramalar
hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. Biz dogry
iýmitlenme bolmasa, doly derejeli sagdynlygy üpjün edip bolmaýandygyny, berk
jan saglyk bolmasa, ýokary hilli bilim berip bolmaýandygyny nazara almak bilen,
her bir çaganyň ýagdaýyna toplumlaýyn çemeleşýäris. Bu düşünjeler özara
baglanyşykly bolup, hemmetaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Biz çagalaryň
sagdyn we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin öňdebaryjy tejribäni hem-de bilimleri
çekmäge çalyşýarys. Şunuň bilen baglylykda, 11-nji dekabrda döredilmeginiň 80
ýyllygyny belleýän ÝUNISEF bilen işjeň hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris»
diýip, O.Atabaýewa nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, bu abraýly
guramany şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady we onuň ýolbaşçylaryna,
işgärlerine, meýletinçilerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«80 ýylyň
dowamynda BMG-niň Çagalar gaznasy asylly işleri alyp bardy we bu gün ÝUNISEF
goldaw bermegiň hem-de asylly işlere wepalylygyň nyşany bolup durýar.
Baýramyňyz gutly bolsun!» diýip, gaznanyň wise-prezidenti aýtdy.
O.Atabaýewa
ÝUNISEF bilen geçirilýän çäreler barada aýdyp, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi
goldamak boýunça bilelikdäki çäre barada aýratyn belläp geçdi. Nygtalyşy ýaly,
bu çäre köp enelere hem-de maşgalalara çaganyň ömrüniň ilkinji gününden başlap
oňa sagdyn badalga bermegiň möhümdigine düşünmäge ýardam etdi. «Hakykatdan-da,
çaganyň ömrüniň ilkinji ýyllary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ömrüniň iň
irki döwründen çaganyň saglygyna we ösüşine maýa goýum biziň milletimiziň
abadançylygyna goşup biljek iň saldamly goşantlarymyzyň biridir.
Elbetde,
çaganyň önüp-ösýän maşgala ýagdaýy hem örän wajypdyr. Biziň ÝUNISEF bilen
bilelikdäki ene-atalygy goldamak boýunça çärämiz çagany terbiýelemek ulgamynda
ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle-de biz bu gurama bilen
bilelikde her bir çaganyň öz deň-duşlary bilen deňlikde okamaga, oýnamaga,
önüp-ösmäge mümkinçiligini üpjün etmek üçin inklýuziw bilimi ilerletmek ugrunda
işleýäris. Biziň haýyr-sahawat gaznamyzyň esaslandyryjysy hem-de prezidenti
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagalar milletiň geljegi we iň uly
baýlygydyr. Çagalaryň saglygy, abadançylygy, hemmetaraplaýyn ösüşi biziň umumy
gün tertibimiziň aýrylmaz bölegi bolmalydyr» diýip, gaznanyň wise-prezidenti
sözüni dowam etdi.
O.Atabaýewa
çagalaryň hukuklaryny goramagyň, olaryň durmuş taýdan goldawyny üpjün etmegiň,
aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we
jemgyýete işjeň goşulyşmagy üçin zerur şertleri döretmegiň möhüm ähmiýetini
belläp, bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi. «Çünki çagalaryň bähbidine
gönükdirilen her bir başlangyç, her bir haýyrly iş we her bir bilelikdäki
tagalla olaryň geljegine goýulýan gymmatly maýa goýumdyr» diýip, gaznanyň
wise-prezidenti aýtdy hem-de şu dabaranyň diňe bir ýatdan çykmajak baýramçylyk
pursatlaryna däl, eýsem, dostlugyň, ynsanperwerligiň, özara düşünişmegiň, ýagşy
arzuwlaryň dabaralanýan gününe hem öwrüljekdigini nygtady.
O.Atabaýewa
dabara gatnaşýan çagalara ýüzlenip, olaryň her biriniň ýüreginde göterýän
arzuwlarynyň hasyl bolmagyny, ýüzleriniň hemişe şatlykdan gülüp durmagyny,
durmuş ýollarynyň ýagty we röwşen bolmagyny, her bir gününiň täze açyşlara,
şatlykly pursatlara, ýatdan çykmajak üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Gaznanyň
wise-prezidenti bu çäräniň her bir çaganyň arzuwynyň hasyl bolmagy üçin
hemmeleriň bilelikde tagalla etmeginiň zerurdygyny aňladýan ajaýyp wakalaryň
biri boljakdygyna ynam bildirip, dabara gatnaşyjylaryň ählisine berk jan
saglyk, abadançylyk, dünýämiziň ýagty geljegi üçin edýän ähli tagallalarynyň
üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs
Wan çykyşynda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli şu dabara gatnaşmagyň özi
üçin uly hormatdygyny belläp, bu çäräni geçirýändikleri üçin Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasyna
hoşallyk bildirdi.
«Türkmenlerde
«Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýen parasatly nakyl bar. Ähli döwürlerde,
ähli medeniýetlerde çagalar hemişe geljege bolan umydy alamatlandyrýar. Biziň
çagalar baradaky aladamyz şu günki günümize berýän bahamyzy, geljekde haýsy
jemgyýeti gurmaga çalyşýandygymyzy görkezýär. Her bir çaga goldanylmaga, abadan
durmuşda ýaşamak üçin mümkinçilik almaga mynasypdyr. Munuň özi dabaranyň «Arzuw
ganatlary» diýen adynda hem öz beýanyny tapýar. Bu bize çagalygyň
arzuw-hyýallaryň, açyşlaryň we mümkinçilikleriň döwrüdigini ýatladýar. Her bir
çaganyň arzuwynyň hasyl bolmagy üçin mümkinçilikleri hem-de şertleri döretmek
biziň umumy jogapkärçiligimizdir.
Şu
ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» şygary astynda geçýär. Ganatly bedewler kimin, çagalar hem
maksada okgunlylygy alamatlandyrýar. Olar Türkmenistanyň diňe bir geljegi
bolman, eýsem, şu günki ösüşiniň hem işjeň gatnaşyjylarydyr» diýip, BMG-niň
ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysy sözüni dowam etdi we çagalara maýa goýumyň
islendik jemgyýetiň edip biljek iň möhüm maýa goýumlarynyň biri bolup
durýandygyny nygtady.
Sýaoszýun
Greýs Wan BMG bilen Türkmenistanyň durnukly ösüş ulgamynda alyp barýan
hyzmatdaşlygy barada-da durup geçdi. «Biz Türkmenistanyň çagalary goramak
ulgamyny pugtalandyrmak, olaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek
boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalaryna ýokary baha berýäris. Birleşen
Milletler Guramasy Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalarynda ygtybarly
hyzmatdaşy bolmagynda galýar. Bütindünýä çagalar güni gutly bolsun!» diýip,
BMG-niň wekili sözüni jemledi.
Soňra
çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)
Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna söz berildi.
ÝUNISEF-niň
wekili şu ýyl Bütindünýä çagalar gününiň «Meniň günüm, meniň hukuklarym, meniň
geljegim» atly ählumumy çäräniň howandarlygynda geçýändigini we dünýäde adam
hukuklary ulgamynda iň giňden tassyklanylan Çaganyň hukuklary hakynda
Konwensiýanyň döredilmeginiň şanly senesini dabaralandyrýandygyny belledi.
Türkmenistan bu Konwensiýa 1993-nji ýylda goşuldy.
Jalpa
Ratna çagalaryň hukuklarynyň hökmany ykrar edilmelidigini, olaryň goragynyň
bolsa maşgaladan, ene-atalardan başlanýandygyny nygtady. ÝUNISEF-niň wekili öz
çagalarynyň esasy terbiýeçileri hökmünde ene-atalara ýüzlenip, ýurdumyzyň
ugurdaş ministrlikleri bilen bilelikde Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde
ene-atalary goldamak boýunça synag toparlarynyň üstünlikli ýola goýlandygyny,
bu toparlaryň ozal hereket edýän durmuş hyzmatlarynyň aýrylmaz bölegi
boljakdygyny aýtdy. Jalpa Ratna maşgalalary goldamak boýunça anyk gurallar
barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim
ministrlikleri bilen bilelikde «Çaganyň saglygy» atly ykjam goşundynyň işlenip
taýýarlanylýandygyny habar berdi.
Çykyşynyň
ahyrynda ÝUNISEF-niň wekili ene süýdi bilen iýmitlendirmek, ene-atalyk we
mümkinçiligi çäkli çagalar üçin inklýuziw gurşawy döretmek meselelerinde işjeň
hyzmatdaşlyk edýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Soňra
dabara gatnaşyjylar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna
tomaşa etdiler. Tomaşa «Akja kepderi» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen
açyldy.
Sirk
sungatynda her bir çykyş zehiniň, ussatlygyň özboluşly sazlaşygy bolup, olaryň
her biriniň öz many-mazmuny bar. Ak kepderi parahatçylygyň nyşany bolup, onuň
keşbi adamlary agzybirlige, asuda we abadan durmuşa çagyrýar. Sirk sungatyň
aýratyn görnüşi bolmak bilen, ähli ýaşdaky adamlar üçin gyzyklydyr. Onda ýerine
ýetirilýän çykyşlar batyrgaýlygy, çeýeligi, gözelligi, zehini özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we hormatly Prezidentimiz tarapyndan
yzygiderli dowam etdirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzda sirk sungaty täze
ösüşe eýe bolýar.
Ýeri
gelende bellesek, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda
türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda döredildi. Türkmenistanyň
çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan «Galkynyş» topary milli medeni
mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda we şanly seneler mynasybetli guralýan
medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini artdyrýar. Ajaýyp
bedewleriň gözelligi we çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly
hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlyklary tomaşaçylarda ýatdan
çykmajak täsirleri galdyrýar.
Soňra
dabara gatnaşyjylar «Arzuw ganatlary» atly dabara mynasybetli ýörite gurnalan
pawilýonlary synladylar.
«Arzuw
ganatlary: her bir çaga üns merkezinde» atly we Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň pawilýonlary ösüp
gelýän nesli goldamak boýunça bilelikdäki başlangyçlary aýdyň beýan edýär.
Maşgala,
bilime, ýaş zehinleriň ösüşine bagyşlanan «Maşgala meýdançasy», «Ýaşyl»
mekdepler», «Çagalar we ekologiýa medeniýeti», «Döredijilik çagalary» atly
pawilýonlar dabara gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Olarda ýerleşdirilen
diwarlyklar çagalary terbiýelemäge, olarda ekologiýa medeniýetini kemala
getirmäge, maşgala gymmatlyklaryny pugtalandyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesliň
döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen toplumlaýyn çemeleşmäni özünde
jemleýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan we ýaşlaryň şäheri diýlip ykrar edilen
Arkadag şäherinde geçirilen «Arzuw ganatlary» atly dabara ýatda galyjy
wakalara, täsirli pursatlara baý boldy.
Şeýlelikde,
bu dabara Türkmenistanyň we onuň halkara hyzmatdaşlarynyň ösüp gelýän ýaş
nesliň hukuklaryny goramak, her bir çaganyň sazlaşykly ösüşi üçin amatly
şertleri döretmek işine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Bu baýramçylyk çäresi döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň, BMG-niň
ýöriteleşdirilen düzümleriniň tagallalaryny birleşdirip, Garaşsyz, baky Bitarap
döwletimiziň esasy baýlygy bolan ýaş raýatlaryň bagtyýar çagalygy, abadan
geljegi baradaky aladanyň umumy jogapkärçiligimizdigini görkezdi.