Şu
gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA ýurtlarynyň parlamentarileriniň
duşuşygy dowam etdi. «Awaza» toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi
geçirildi.
Mejlis
başlanmazdan ozal, oňa gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylary hem-de GDA-nyň Baş
sekretary Sergeý Lebedew bilelikde resmi ýadygärlik surata düşdüler. Soňra
«Awaza» toplumynyň uly mejlisler zalynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi öz
işine başlady.
Mejlisiň
başynda oňa gatnaşyjylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýurtlaryň
hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylyşynyň we halklaryň dostlugynyň mekany bolup
durýandygyny nobatdaky gezek subut edendigini aýdyp, şeýle wakalaryň
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde bolup
geçmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, 19-njy noýabrda
türkmen halkynyň Milli Lideri Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylary
bilen duşuşdy. Şol gün GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň
Geňeşiniň mejlisi geçirilip, onda Türkmenistanyň Mejlisine GDA-nyň Parlamentara
Assambleýasynyň ýanynda synçy derejesi berildi, şeýle hem BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler
Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly
Kararnamanyň kabul edilendigi barada habar berildi. Bu wakalaryň Türkmenistanyň
2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde, Arkalaşygyň
döredilmeginiň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolup geçmegi taryhy ähmiýete eýedir.
Mejlise
gatnaşyjylar Awazada işlemäge döredilen mümkinçilikler hem-de bildirilen
myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Çykyşlarda
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde köp sanly çäreleriň
geçirilendigi barada nygtalyp, olaryň her biriniň özboluşly mazmuny we häsiýeti
bilen tapawutlanandygy aýdyldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyşlarynda Arkalaşygyň
çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, hususan-da, parlamentara
gatnaşyklary ösdürmek boýunça öz ýurtlarynda ýerine ýetirilýän işler, toplanan
tejribeler barada gürrüň berdiler. Olar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilýän mejlisleriň çäklerinde kabul edilen taryhy çözgütleriň GDA gatnaşyjy
döwletleriň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge, sebitde parahatçylygy we
durnukly ösüşi gazanmaga goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdiler hem-de
Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen
türkmen kärdeşlerini gutladylar.
Parlament
wekiliýetleriniň ýolbaşçylary pursatdan peýdalanyp, Parlamentara Assambleýanyň
nobatdaky mejlislerini ýokary derejede geçirmäge, şeýle hem parlamentara
gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gün
tertibindäki meseleler ylalaşylandan soňra, şol meseleler boýunça çykyşlara
orun berildi.
Bellenilişi
ýaly, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň gün
tertibine girizilen meseleler döwrüň möhüm wezipelerini öz içine alýar.
Howpsuzlygy üpjün etmek, emeli aň, sanly tehnologiýalar ulgamyny hukuk taýdan
düzgünleşdirmek, durmuş syýasatyny kämilleşdirmek, ýaş nesliň hünär taýdan
taýýarlygyny goldamak boýunça taýýarlanylan nusgalyk kanunlar ýurtlarymyzyň
bähbitlerine doly laýyk gelýär. GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy tarapyndan
işlenip taýýarlanylan nusgalyk kanunçylyk binýady Arkalaşygyň döwletleriniň
hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmakda, umumy ykdysady we ynsanperwer giňişligi
ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Şeýle hem çykyşlarda nobatdaky
mejlisiň Türkmenistanyň parlamentiniň taryhynda täze sahypany açandygy bellenildi.
Çünki şu günden başlap Türkmenistanyň Mejlisi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlislerine synçy
derejesinde ilkinji gezek gatnaşýar.
Ýurdumyzyň
Mejlisine Parlamentara Assambleýada synçy derejesini bermek baradaky çözgüdiň
kabul edilmegi döwletimiziň ählumumy daşary syýasy ugruna, hemişelik Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyna, GDA-nyň çäklerindäki diplomatik gatnaşyklaryna doly laýyk
gelýär. 1992-nji ýylda döredilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy
döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň synçy
derejesine eýe bolmagy ýurdumyzyň GDA-nyň giňişligindäki parlamentara gatnaşyklaryny
ösdürmäge, milli kanun çykaryjylyk işinde halkara we sebit tejribesini
öwrenmäge, parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli
peýdalanmaga, halkara we sebit meseleleri boýunça parlamentleriň arasynda
gatnaşyklary pugtalandyrmaga, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden
netijeli peýdalanmaga goşmaça şertleri döreder. Bu dereje öňde goýlan täze
wezipeler bilen birlikde, Arkalaşygyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we
parlamentara gepleşikleri hil taýdan täze, has işjeň hem-de netijeli derejä
çykarmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine
esaslanyp, dünýä döwletleri, şol sanda GDA agza ýurtlar bilen dürli ugurlarda
döredijilikli hyzmatdaşlygy ösdürýär. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň
gatnaşmaklarynda we olaryň yzygiderli goldawlary bilen geçirilýän
maslahatlardyr duşuşyklaryň jemleri boýunça kabul edilýän kararlardyr çözgütler
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy
berkitmäge itergi berýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň mundan
beýläk-de GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň alyp barýan işine yzygiderli
gatnaşmagynyň, parlamentara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça
bilelikdäki çäreleri guramagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada pikirler beýan
edildi.
BMG-niň
Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2028-nji ýyl —
Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara hukugyň
ýörelgelerini we ählumumy kadalary berkitmekde parlamentleriň ornuny has-da
ýokarlandyrýar. Bu taryhy Kararnama halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň
kadalaryny milli kanunçylyga has netijeli ornaşdyrmaga, hökümetara
ylalaşyklaryň berjaý edilmegine parlament gözegçiligini güýçlendirmäge hem
ýardam berer.
Mejlisde
2026-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan alnyp barlan işlere-de
üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda parlament diplomatiýasy
arkaly halkara we sebit hyzmatdaşlygyny hem-de oňyn başlangyçlary goldamak
bilen baglanyşykly giň gerimli işleriň amala aşyrylandygy nygtaldy. Aýratyn-da,
ýylyň dowamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament wekiliýetleri bilen ýokary
derejede duşuşyklar geçirilip, parlamentara dostluk toparlarynyň işi
işjeňleşdirildi. Parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, ulag-logistika
gatnaşyklaryny giňeltmäge, saglygy goraýşa, demografiýa, Durnukly ösüş
maksatlaryna bagyşlanan halkara parlament maslahatlary guraldy. Milli
maksatnamalary amala aşyrmak, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak üçin hukuk
binýadyny döretmek maksady bilen, türkmen parlamenti sanly ykdysadyýet,
ekologiýa, ýaşlar syýasaty, durmuş taýdan goraglylyk ýaly ulgamlarda halkara
tejribäni, nusgalyk kanunlary yzygiderli we düýpli öwrendi.
Mejlisiň
ahyrynda onuň işiniň netijeleri jemlenip, ýokary derejede döredilen
mümkinçilikler hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýene-de bir gezek hoşallyk beýan edildi hem-de
Hazaryň kenarynda geçirilen bu mejlisler Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da
başlyklyk etmeginiň nobatdaky üstünligi bolup taryha girer.
Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň
61-nji plenar mejlisiniň esasy işi tamamlanandan soňra, bu ýerde Parlamentara
Assambleýanyň Geňeşiniň çözgüdi bilen käbir parlamentarileri sylaglamak
dabarasy geçirildi. Olara Assambleýanyň «Arkalaşyk» ordeni hem-de «Parlament
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrandygy üçin» diýen medallary, Parlamentara
Assambleýanyň Geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Şeýlelikde,
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde, GDA-nyň döredilmeginiň 35
ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul
edilmegi hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynda synçy derejesiniň berilmegi
ýaly ajaýyp wakalar bilen utgaşan nobatdaky çäreler taryhy ähmiýete eýe boldy.
Munuň özi Türkmenistanyň GDA ýurtlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de
döredijilikli ösdürmäge ymtylmasy esasynda şertlendirilen oýlanyşykly ädimdir.
***
Şu
gün «Berkarar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň we degişli
komitetleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza sapar bilen gelen GDA gatnaşyjy
döwletleriň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we agzalary bilen
ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklara gatnaşyjylar Awazada geçirilen
çäreleriň maksadynyň GDA-nyň çäklerinde parlament ugry boýunça sebitleýin
dialogy pugtalandyrmakdan, geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine
howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe
sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdygyny nygtadylar. GDA agza ýurtlaryň
parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň türkmen kärdeşleri bilen geçiren
duşuşyklary ýurtlaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmegi maksat edinýändiklerini
tassyklady.
Soňra
bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşi bilen parlamentara dostluk toparynyň hem-de Russiýa
Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi
bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol
çekildi.