milli goshun logo
Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze orta mekdepleriň bäşisiniň açylyş dabarasy boldy
Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze orta mekdepleriň bäşisiniň açylyş dabarasy boldy
03.09.2019 621 Habarlar

Täze okuw ýylynyň başlamagy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda täze orta mekdepleriň bäşisi açylyp ulanylmaga berildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherçesinde 600 orunlyk mekdep. Şeýle hem Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde 620 orunlyk orta mekdep guruldy.

Mary welaýatynda hem täze mekdepleriň ikisiniň açylyş dabarasy boldy. Olaryň biri Mary etrabynyň «Diýar» geňeşliginiň Kelteler obasynda gurlup onuň iki gatly binasy 600 okuwça niýetlenendir. Beýleki 660 orunlyk mekdep Türkmengala etrabynyň «Täze dünýä» geňeşliginiň Ýagty obasynda açyldy.

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň «Garnas» geňeşliginiň Garabagşyly obasynda hem 320 orunlyk täze orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi.

Umuman, täze mekdepleriň bäşisi 2800 okuwça niýetlenendir. Täze bilim ojaklarynyň arassa we giň synp otaglary kompýuterler, multimediýa tagtalary, okuw-görkezme gollanmalar we enjamlar bilen doly üpjün edildi.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk nyzamlarynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ählisinde iň ýaşajyk okuwçylary — alty ýaşly birinji synp okuwçylaryny aýratyn mübäreklediler. Olara döwlet Baştutanymyzyň adyndan netbuklar gowşuryldy.