19-njy noýabrda Gökdepe etrabynda hususy işewürlik ulgamynyň senagat desgasynyň — demir-beton önümlerini öndürýän zawodynyň açylyş dabarasy boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda bu desganyň aýratyn ähmiýetli baýramçylyk bolan Watanymyzyň Bitaraplygynyň ýakynlaşyp gelýän 25 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berilmeginiň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.
«Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze desganyň umumy meýdany 6 gektara barabardyr. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy — ölçegi 300 millimetrden 1200 millimetre çenli bolan ýylda 500 müň metr demir-beton turbalaryny çykarmakdan ybaratdyr. Desganyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik bölümleri hem-de beýleki kömekçi binalar ýerleşdirildi. Bu ýerde 100-den gowrak iş orunlary, zähmet çekmek üçin zerur şertler döredildi.
Gökdepe etrabyndaky şanly waka Diýarymyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň oýlanyşyklydygyny we netijelidigini nobatdaky gezek görkezýär.