Şu
gün paýtagtymyzdaky «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň mejlisler jaýynda
milli pul birligi — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygyna bagyşlanyp «Milli
manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady» atly ylmy-amaly
maslahat geçirildi. Oňa döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň,
maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw
mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň
öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüşini beýan edýän
sergini synladylar. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara
aýratyn öwüşgin çaýdy.
Ylmy-amaly
maslahatda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi bilen, ýurdumyzda gazanylýan
ykdysady üstünlikler, pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna
sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola
goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe
düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm sene mynasybetli bank işgärlerine
we ähli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, täze taryhy döwrümizde
bank ulgamy ýokary depginde ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Ulgama döwrebap
sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň
tizligi artdyrylýar, hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de olaryň netijeliligi
ýokarlandyrylýar. Türkmen manadynyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli
kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň esasynda täze önümçilikleriň sany artýar.
Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem bank işgärleriniň hünär
derejesini yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.
Maslahatda
çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi
ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi, pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz
syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň
durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy
hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige
ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna
utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr.
Bu maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan bank
ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.
Nygtalyşy
ýaly, milli pul birligimiz — manat bedew bady bilen ynamly öňe barýan
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň abadan we bolelin ýaşaýşynyň möhüm
görkezijisidir. Onuň taryhy, döredilişi we häzirki ösüşi ýurdumyzyň maliýe-bank
ulgamynyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Milli puluň sanly ulgamlara
uýgunlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin täze mümkinçilikleri
açýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda ýurdumyzyň Merkezi banky 1, 5, 10 manatlyk
modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer
banknoty dolanyşyga girizdi. Bu pullaryň hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly täsirlere
durnuklylygy bilen tapawutlanýandygyny aýratyn bellemek gerek.
Ýurdumyzyň
ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we ösüşler ilatyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetiň her ýylda
yzygiderli ösmegi, adam mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa
goýumlaryň möçberiniň barha artmagy raýatlaryň durmuş goraglylygyny berkitmäge,
ilatyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, hususan-da, olaryň girdejilerini
yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Maslahatda
ýurdumyzda kabul edilýän milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi
hem-de sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýetimiziň
bäsdeşlige ukyplylygy we halkara ykdysady ulgamdaky ornunyň barha
pugtalanýandygy aýratyn bellenildi. Sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçilikde
hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, halkara bazarlarda bolup
geçýän özgertmelere çalt uýgunlaşmaga, ýokary çeýeligi üpjün etmäge oňyn ýardam
berýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly
ykdysadyýet özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri
döredýär.
Çykyşlarda
nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde
karz edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň hilini halkara
derejä çykarmak we görnüşlerini artdyrmak hem-de milli pulumyzyň hümmetiniň
durnuklylygyny üpjün etmek ykdysady ösüşimiziň ileri tutulýan ugurlary
bolmagynda galýar. Täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ilata
töleg-hasaplaşyk, depozit we beýleki hyzmatlary banka barmazdan ýerine
ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Bank ulgamyny has-da kämilleşdirmek, milli
töleg ulgamyny ösdürmek we onuň netijeliligini, ygtybarlylygyny we
howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, töleg ulgamy döwrebap maglumat
tehnologiýalary we kompýuter programmalary bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Ýurdumyzyň
bank edaralarynyň ýolbaşçylary çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň
öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde maýa goýum işiniň
gerimini has-da giňeltmek, şeýle-de bank amallaryny we hyzmatlaryny
sanlylaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin durup
geçdiler. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak,
karz edaralary tarapyndan milli we halkara töleg ulgamlarynyň gerimini
giňeltmek, şeýle-de halkara tejribäniň öňdebaryjy, döwrebap tilsimatlaryna
esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, kämilleşdirmek işleri döwrüň
talaby bolup durýar.
Sanly
tehnologiýalar esasynda täze bank hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegi, kompýuter
enjamlarynyň we serişdeleriniň ähli ulgamlara ornaşdyrylmagy, tölegleriň,
hasaplaşyk usullarynyň kämilleşdirilmegi, täze tehnologiýalaryň ösdürilmegi,
sanly bank hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagy netijesinde döwrebap bank
hyzmatlaryny müşderilere amatly usullarda hödürlemäge hem-de giňden
peýdalanmaga oňaýly şertler döredilýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň islendik
ýerinden bankomatlaryň, töleg terminallarynyň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we
«Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklaryň
dürli görnüşlerini uzak aralykdan amala aşyrmak, şeýle hem, karz edaralary
tarapyndan ilata bank kart hasaplaryny açmak, olary täzeden çap etmek boýunça arzalaryny
elektron görnüşinde resmileşdirmek ýaly amatly mümkinçilikleri görkezmek bolar.
Bulardan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralarynyň hyzmatlar ulgamynda
«Galtaşyksyz töleg» tehnologiýasyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça
netijeli işler alnyp barylýar.
Çykyş
edenler sanly ykdysadyýete geçmekde emeli aň ulgamynyň ösdürilmeginiň,
innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşynyň höweslendirilmeginiň we bu ugurda
halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe
bolýandygyny nygtadylar. Şeýle hem maglumatlaryň kiberhowplara garşy
goraglylygynyň üpjün edilmegine, maliýe ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň
durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Innowasiýalar önümçiligiň
netijeliligini ýokarlandyrýar, täze mümkinçilikleri döredýär we ilatyň durmuş
derejesiniň gowulanmagyna hyzmat edýär. Arkadag şäheriniň innowasion ösüş
tejribesi hem-de «akylly» şäher gurşawyny döretmekde telekeçileriň işjeňligi
ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň üstünlikli
netijelerini görkezýär. Geljekde hem täze tehnologiýalaryň giňden
ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge we halkara
derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hyzmat eder. Şunuň bilen
baglylykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji
ýyllar üçin Konsepsiýasynda» ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň öňünde
durýan wezipelere üns çekildi.
Maslahata
gatnaşyjylar ykdysady ulgamda netijeli gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň
ösdürilmeginiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde gyzyklanma bildirýän ähli
hyzmatdaşlar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen
birlikde, bank ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hemişe
üns merkezinde saklanylýar.
Maslahata
gatnaşyjylar ýurdumyzyň maliýe we bank edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine
berýän yzygiderli ünsi hem-de döredip berýän döwrebap şertleri üçin Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.