Ozal
habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary
bilen Türkiýe Respublikasyna bardy. Şu gün saparynyň çäklerinde döwlet
Baştutanymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII
sammitine gatnaşdy.
Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler
toplumyna bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan
mähirli garşylady we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Sammite
gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ählisiniň bilelikde resmi surata
düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň XIII
sammiti geçirildi.
Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sammite gatnaşýan döwlet
Baştutanlaryny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Türkiýä gelendikleri
üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini nygtady.
Şeýle
hem Prezident Rejep Taýyp Ärdogan öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine
goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Türkiýäniň
Prezidenti «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdar Berdimuhamedowa söz
berýärin» diýip, döwlet Baştutanymyza çykyş etmek üçin söz berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitine
gatnaşmaga çakylyk, şeýle hem türkmen wekiliýetine görkezilen mähirli
myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden
peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutanlaryna iberen mähirli salamyny we
iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet
Baştutanymyz şu günki duşuşygyň Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy bolan
Respublika güni bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmunyny belläp, bu şanly
baýram mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany we
ähli doganlyk türk halkyny tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkiýe Respublikasyna
mundan beýläk-de gülläp ösüş, abadançylyk we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistan
türki dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn
ähmiýet berýär. Şol sebäpli, biz Türki Döwletleriň Guramasyny doganlyk
döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmegiň, netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň
we amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm guramasy hökmünde görýäris. Onuň
işiniň netijeli bolmagy, ilkinji nobatda, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen
anyk başlangyçlaryň we özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen
baglanyşyklydyr.
Türki
döwletler giň ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Olary netijeli peýdalanmak üçin
energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, dokma, çig maly
gaýtadan işlemek we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hyzmatdaşlygy has-da
ösdürmek zerur bolup durýar. Şol bir wagtda, özara maýa goýumlary
höweslendirmek, telekeçileriň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we bilelikdäki
önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de amatly şertleriň
döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.
Ykdysady
ösüşi üpjün etmekde we sebitara gatnaşyklary giňeltmekde ulag-aragatnaşyk
ulgamy strategik ähmiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň amatly geografik ýerleşişi
Merkezi Aziýany, Hazar sebitini, Günorta Kawkazy, Gara deňiz sebitini,
Türkiýäni we Ýewropany birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek üçin giň
mümkinçilikleri açýar. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak maksady bilen,
Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagy möhüm hasaplaýarys
diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we munuň üçin ýurdumyzyň
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny gönükdirmäge taýýardygyny
tassyklady.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň, halkara ýük
daşamalaryň şertlerini has-da kämilleşdirmegiň, gümrük amallaryny yzygiderli
ýeňilleşdirmegiň, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny
belläp, üstaşyr geçelgeleriň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, logistika
amallaryny utgaşdyrmak we ýükleriň geçirilmegi üçin amatly şertleri döretmek
boýunça tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Nygtalyşy
ýaly, ýene-de bir wajyp mesele daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri
rejeli peýdalanmak bolup durýar. Türkmenistan bu wezipä döwlet syýasatynyň baş
ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Ýurdumyz ekologik abadançylygy üpjün etmäge,
howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga, ekologik howpsuzlygy
pugtalandyrmaga we durnukly ösüşiň ekologik esaslaryny berkitmäge aýratyn
ähmiýet berýär.
Mälim
bolşy ýaly, suw serişdelerini tygşytly ulanmak, çölleşmä garşy göreşmek,
ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we tebigy ekoulgamlary goramak möhüm
meselelerdir. Olaryň netijeli çözgütleriniň tapylmagy biziň ýurtlarymyzyň milli
bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Şu
maksat bilen, Türkmenistan Aşgabatda Howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça we Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini
döretmek baradaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde öňe
sürdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu merkezleriň ekologik meseleleriň
çözülmegine, ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hem-de sebit derejesinde
utgaşykly çemeleşmeleriň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz halklarymyzyň arasyndaky gadymy taryhy we ruhy arabaglanyşygyň
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berk binýadyny emele getirýändiginiň, onuň
medeni mirasy ösdürmek, ylym-bilime hormat goýmak, maşgala mukaddesligini
sarpalamak, ulyny sylamak, myhmansöýerlik we parahatçylykly ýaşaýyş ýaly asylly
ýörelgeleri özünde jemleýändigini belläp, bu gymmatlyklary has-da
dabaralandyrmak maksady bilen, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň
möhümdigini nygtady.
Bellenilişi
ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, döredijilik
toparlarynyň we ýaşlar guramalarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek,
bilelikdäki bilim maksatnamalaryny hem-de akademiki alyşmalary ýola goýmak bu
ugurda täze mümkinçilikleri döreder.
Şeýle
hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. Biz özara
syýahatçylyk alyşmalaryny giňeltmek we ýurtlarymyzyň gadymy ýadygärliklerini
halkara derejede wagyz etmek üçin bilelikdäki başlangyçlary
goldaýarys.Ýurtlarymyzyň taryhy ýerleri, tebigy gözellikleri we milli däpleri
halkara syýahatçylygy ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Halkara
parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalaryna hormat goýmak hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň
döwletlerimiziň öňünde durýan möhüm wezipelerdir diýip, döwlet Baştutanymyz
sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen
Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň aýratyn
ähmiýetini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, halkara
derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we
ynsanperwer hem-de ekologik meseleleriň çözülmegine uly goşant bolar.
Bu
ugurlarda ýurdumyzyň halkara başlangyçlary hem möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek barada Kararnamany kabul
etdi. Bu çözgüt halkara hukugyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmaga, onuň
kadalarynyň we ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarda berk berjaý edilmegine
gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şonuň ýaly-da, şu günki
ýokary derejeli duşuşygyň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda dostlukly
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa
geçirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, ähli gatnaşyjy döwletleriň
Prezidentlerine Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli
üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary
Kubanyçbek Omuraliýewe guramanyň işini netijeli guramakda we bu sammitiň
üstünlikli geçirilmegine goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň täze Baş
sekretaryna jogapkärli işinde üstünlikleri, sammite gatnaşyjylaryň ählisine jan
saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk halklara bolsa abadançylyk, rowaçlyk
we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň
dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, sanly ykdysadyýeti
ösdürmek, söwda we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag-logistika
geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alşyldy. Şeýle hem
gatnaşyjy ýurtlar üçin özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Günüň
ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Ankaradaky Hajettepe uniwersitetine bardy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly
doktor derejesini bermek dabarasy boldy.
Hajettepe
uniwersitetinde hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti
Jewdet Ýylmaz hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Mehmet Jahit Güran
mähirli garşyladylar. Uniwersitetiň talyplary döwlet Baştutanymyza gül
dessesini gowşurdylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we
Hajettepe uniwersitetiniň rektory bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi.
Dabara
gatnaşanlaryň hatarynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we
Türkiýäniň resmi adamlary, uniwersitetiň professor-mugallymlary, şeýle hem
Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary bar.
Dabarada,
ilki bilen, uniwersitetiň prorektoryna söz berildi. Ol öz çykyşynda hormatly
Prezidentimiziň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Hajettepe uniwersitetiniň
Senatynyň Türkmenistanyň Prezidentine halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly
doktor derejesini bermek baradaky kararyny okady.
Kararda
bellenilişi ýaly, halkara gatnaşyklar we ählumumy howpsuzlyk ulgamlarynda
çuňňur akademiki taýýarlygy möhüm döwlet wezipesi bilen utgaşdyrýan görnükli
döwlet işgäri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa özüniň
Prezidentlik döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny BMG
derejesinde parahatçylygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň guralyna
öwrendigi, Hereketleriň Awaza Maksatnamasy ýaly ählumumy özara baglanyşyk
boýunça giň möçberli başlangyçlara, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyna we ösüş
konsepsiýasyna üstünlikli ýolbaşçylyk edendigi, Türkiýe Respublikasy bilen
Türkmenistanyň arasynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda, şeýle hem ýokary bilim
ulgamynda, şol sanda emeli aňdan başlap, «akylly» oba hojalygyna we bilelikdäki
diplom maksatnamalaryna çenli giň ugurlardaky hyzmatdaşlykda görkezen berk
syýasy erki hem-de goldawy üçin uniwersitetiň Senatynyň karary bilen, hormatly
doktor derejesi berilýär.
Soňra
Hajettepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Jahit Güran gutlag sözi bilen çykyş
etdi. Ol hemmeleri mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly
Serdar Berdimuhamedowy uniwersitetde kabul etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny
belledi we şu günki dabaranyň diňe bir görnükli döwlet işgärine akademiki
derejäni bermek çäresi bolman, eýsem, umumy taryhymyzy, medeni gatnaşyklarymyzy
we dost-doganlyk taglymlaryny beýan etmek hem bolup durýandygyny nygtady.
Bellenilişi
ýaly, özüniň altmyş ýyllyk taryhynyň dowamynda Hajettepe uniwersiteti tutuş
adamzadyň we türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe döwlet
işgärlerine hormatly doktor derejesini berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mehmet
Jahit Güran bu derejäni kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň we
medeniýetiň umumylygyna, dost-doganlyga esaslanýar.
Şeýle
hem uniwersitetiň rektory bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň ýurtlarymyzyň
abadan geljegi üçin möhüm ähmiýetini belläp, Hajettepe uniwersitetiniň
Türkmenistan bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Mehmet Jahit Güran şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda
üç sany lukmançylyk desgasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň,
Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara pediatriýa merkeziniň açylmagy
mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, bu saglyk desgalarynyň Türkmenistanyň
halkynyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etmegini arzuw etdi.
Çykyşynyň
ahyrynda Hajettepe uniwersitetiniň rektory hormatly Prezidentimize berk jan
saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri,
Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi.
Soňra
çykyş etmek üçin Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaza söz
berildi. Ol Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitine
gatnaşmak maksady bilen Türkiýä gelen hormatly Prezidentimizi ýene bir gezek
mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Hajettepe uniwersitetiniň halkara
gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesini bermek dabarasyna
gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de bu ýokary alymlyk
derejesiniň berilmeginiň Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gadymdan
gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam
bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly doktor derejesi ylmy, jemgyýetçilik we halkara derejede alnyp
barylýan işlere gymmatly goşandy bolan şahslara berilýän ýokary bahadyr. Şu
dabara hem döwlet Baştutanymyzyň halkara parahatçylygy we hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmakdaky tagallalaryna berlen ýokary baha bolmak bilen bir hatarda,
iki ýurduň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň ylmy ähmiýetini hem açyp görkezýär.
Wise-prezident
Jewdet Ýylmaz Türkiýäniň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri ähli ugurlarda özara ynanyşmak we
hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini aýtdy.
Wise-prezident
Jewdet Ýylmaz döwlet Baştutanymyzyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary
ösdürmäge, halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we umumy medeni mirasymyzy dikeltmäge
berýän goldawlaryna ýokary baha berip, Hajettepe uniwersitetiniň Senatynyň
hormatly Prezidentimiziň sebit hem-de ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda
goşandyny, aýratyn hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy
berkitmekdäki möhüm ornuny göz öňünde tutup, halkara gatnaşyklar ugry boýunça
hormatly doktor derejesini bermek baradaky kararynyň ähmiýetini belledi hem-de
bu alymlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi ýene bir
gezek gutlady.
Soňra
dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize halkara gatnaşyklar ugry boýunça
hormatly doktor derejesiniň degişli diplomy gowşuryldy.
Soňra
çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersitetiniň «Halkara gatnaşyklar
ugry boýunça hormatly doktory» derejesiniň berilmegi mynasybetli uniwersitetiň
rektory, professor, doktor Mehmet Jahit Gürana, uniwersitetiň Senatynyň
agzalaryna we ähli professor-mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirip, bu hormatly ady diňe bir özüne berlen sylag hökmünde däl, eýsem,
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy
pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy giňeltmek
ugrunda alyp barýan işlerine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini
aýtdy hem-de bu derejäniň berilmeginde Türkmenistanyň we Türkiýe
Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň, taryhy we ruhy ýakynlygyň
öz beýanyny tapýandygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanda
ylym-bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri
bolup durýar. Ýurdumyzda döwrebap bilim ulgamyny kemala getirmäge, ylym-bilim
edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, okuw işine öňdebaryjy
usullary ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bu
pudak döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýan,
tejribe alyşmaga mümkinçilik berýän hem-de umumy ösüş maksatlaryna ýetmäge
ýardam edýän möhüm köpri bolup hyzmat edýär.
Biziň
halklarymyz uzak asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw
bermek we umumy gymmatlyklary gorap saklamak ýörelgelerine eýerýärler. Bu
taryhy miras häzirki döwürde hem döwletara gatnaşyklarymyzyň berk binýadyny
emele getirýär.
Häzirki
wagtda türkmenistanly ýaşlaryň müňlerçesi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde
bilim alýarlar. Olar dürli ugurlar boýunça hünär öwrenýärler we tejribe
toplaýarlar.
Türkmen
we türk alymlarynyň, ýaş ylmy-barlag işgärleriniň bilelikde işlemeginiň täze
ylmy netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Şeýle hyzmatdaşlyk
diňe bir bilim edaralarynyň ösüşine däl, eýsem, iki ýurduň ykdysady we durmuş
taýdan has-da kämilleşmegine hem itergi berer diýip, hormatly Prezidentimiz
nygtady.
Çykyşynyň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanyp, täze belentliklere
çykmagyny, doganlyk türk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Dabara
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz uniwersitetiň rektory bilen
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Soňra
döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK)
tarapyndan “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylyş dabarasy boldy.
Bu
ýerde belent mertebeli myhmany Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň
(DEIK) başlygy Nail Olpak mähirli garşylady.
Soňra
Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Nail Olpak çykyş edip,
hemmeleri mähirli mübärekledi hem-de iki doganlyk ýurduň wekillerini bir ýere
jemlän bu dabarada hormatly Prezidentimize DEIK tarapyndan «Strategik dostluk
nyşanyny» gowşurmagyň ýolbaşçylyk edýän geňeşi üçin uly hormatdygyny belledi.
Şeýle
hem Nail Olpak pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Hajettepe
uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory derejesiniň
berilmegi bilen gutlady hem-de Türkiýäniň akademik we işewürlik
jemgyýetçiliginiň sylaglarynyň gowşurylmagynyň Türkiýe bilen Türkmenistanyň
arasyndaky dostlugyň ýene bir aýdyň şöhlelenmesi hökmünde kabul edilýändigini
aýtdy.
Türkiýäniň
Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň başlygy türki dünýäniň beýik şahyry we
akyldary Magtymguly Pyragynyň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,//Göteriler ol
ykbaly türkmeniň» diýen setirlerini mysal getirip, agzybirlik barada aýdylan bu
sözleriň häzirki wagtda iki doganlyk ýurduň garaýyşlaryny özünde jemleýändigini
nygtady.
Soňra
Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz çykyş edip, hemmeleri
mähirli mübärekledi hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitiniň
çäklerinde bir ýere jemlenip, iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýän işewürligiň wekilleri bilen
duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny belledi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkiýe doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bäri Türkiýe üçin diňe
bir strategik hyzmatdaş däl, eýsem, dost we dogan ýurt bolmagynda galýar. Baý
tebigy serişdeleri, amatly geografik ýerleşişi we türkmen halkynyň
zähmetsöýerligi netijesinde, Türkmenistan bu gün sebitiň çalt ösýän
ykdysadyýetleriniň birine öwrüldi. Dünýä nusgalyk “akylly” şäheri, ösen
infrastrukturasy, senagat kärhanalary, döwrebap hassahanalary ýurduň ýokary
ösüş depgininiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkiýe
Respublikasynyň wise-prezidenti bu ajaýyp üstünliklerde türkmen halkynyň Milli
Lideriniň aýratyn ornunyň bardygyny belläp, häzirki wagtda Gahryman
Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini belledi.
Çykyşynyň
ahyrynda Jewdet Ýylmaz hormatly Prezidentimizi Türkiýäniň Daşary ykdysady
gatnaşyklar geňeşi tarapyndan «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy bilen
tüýs ýürekden gutlady.
Soňra
dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň Daşary ykdysady
gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşanyny» gowşurmak
barada kararyň kabul edilendigi yglan edildi we hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowa «Strategik dostluk nyşany» we ýörite şahadatnama gowşuryldy.
Soňra
çykyş etmek üçin döwlet Baştutanymyza söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň
«Strategik dostluk nyşany» atly ýokary sylagynyň berilmegi mynasybetli, Geňeşiň
başlygy Nail Olpaga we wekillerine minnetdarlyk bildirip, bu abraýly sylagy
bildirilen belent hormatyň nyşany hökmünde kabul etmek bilen, ony Türkiýäniň
Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirýän köpugurly hyzmatdaşlygynyň,
netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň hem-de giň gerimli işleriň möhüm
tassyknamasy hasaplaýandygyny aýtdy.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagynyň
türkmen-türk ykdysady gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylyp, täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydygyny belledi. Şonuň ýaly-da,
pursatdan peýdalanyp, dabara gatnaşyjylaryň ählisini tüýs ýürekden mübärekledi
we şeýle ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigi üçin
Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşine minnetdarlyk bildirdi.
Bu
duşuşyk iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny
seljermek, täze mümkinçilikleri kesgitlemek we geljek üçin anyk taslamalary ara
alyp maslahatlaşmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Dabaramyza Türkiýäniň dürli
pudaklaryna wekilçilik edýän işewürler we beýleki wekiller gatnaşýarlar diýip,
döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de olaryň arasynda köp ýyllaryň
dowamynda Türkmenistanda ykdysady we durmuş taslamalarynyň durmuşa
geçirilmegine uly goşant goşan kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň bardygyny
belledi.
Nygtalyşy
ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar taryhy
we medeni umumylyga, özara hormata hem-de netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Garaşsyzlygymyzyň geçen 35 ýylynyň dowamynda türk kompaniýalarynyň
gatnaşmagynda Türkmenistanda ýüzlerçe iri, orta we uly möçberli taslamalar
amala aşyryldy. Bu işler ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna, döwrebap
infrastrukturasynyň döredilmegine, täze iş orunlarynyň açylmagyna we halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna goşant goşdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, 2012-nji ýyldan bäri milli ykdysadyýetimizi
senagatlaşdyrmak, döwrebap önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek, hususan-da,
ýurdumyzda senagatlaşan jemgyýeti döretmek hem-de çig mal ýurdy bolmakdan
taýýar önümleri öndürýän we eksport edýän ýurda öwrülmek boýunça giň gerimli
işler yzygiderli dowam edýär.
Şu
ýylyň 23-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany
senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy»
ýurdumyzyň bu ugurda uzak möhletli maksatlaryny kesgitleýär.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda dürli pudaklarda baý tejribe toplan, önümçilik we dolandyryş
babatda kämilleşen türkmen telekeçileriniň hem-de senagatçylarynyň täze nesli
kemala geldi. Olar senagat kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly
desgalaryň we beýleki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň
gatnaşýarlar.
Biz
türk işewürleri bilen türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň arasynda göni
hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bizde bilelikdäki senagat
kooperasiýasyny döretmek, önümçilik kärhanalaryny gurmak, öňdebaryjy
tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerli çig maly gaýtadan işlemek we taýýar önümleri
daşary ýurt bazarlaryna çykarmak üçin giň mümkinçilikler bar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz türk kompaniýalaryny energetika infrastrukturasyny gurmak we
döwrebaplaşdyrmak, senagat enjamlaryny öndürmek, olara hyzmat etmek boýunça
taslamalara gatnaşmaga çagyrdy hem-de tehnologik tejribäni, maliýe
mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny birleşdirmek arkaly hyzmatdaşlygyň
uzak möhletli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Nygtalyşy
ýaly, himiýa senagaty hem türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly
mümkinçiliklere eýedir. Gurluşyk we senagat pudaklarynda hem uly mümkinçilikler
bar. Häzirki wagtda bu pudak ýokary tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryna
daýanýar we eksport ugurly ösüşi bilen tapawutlanýar.
Oba
hojalygy we azyk senagaty hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr.
Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, hasyllylygy
ýokarlandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk önümleriniň
önümçiligini artdyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar.
Ulag we
logistika ulgamy Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň hem-de halkara
hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türk ulag we
logistika kompaniýalary halkara ýük daşamalaryny ösdürmäge, logistika
merkezlerini döretmäge, ammar we konteýner terminallaryny gurmaga, ulag
serişdelerine hyzmat etmek hem-de sanly logistika ulgamlaryny ornaşdyrmak
boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyryldy.
Ykdysadyýetimizi
ösdürmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti barha artýar. Saglygy goraýyş we
derman senagaty hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr. Şypahana-dynç alyş
ulgamynda hem Türkiýäniň tejribesinden peýdalanmak arkaly bilelikdäki taslamalary
durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler bar.
Hormatly
Prezidentimiz bu agzalan ugurlaryň hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarydygyny,
Türkmenistanyň ykdysadyýetinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, importyň
ornuny tutýan önümleri öndürmek, eksporty artdyrmak we täze iş orunlaryny
döretmek babatda hem giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň daşary
ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge, işewürlik
gatnaşyklaryny ösdürmäge we uzak möhletli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga
taýýardygyny tassyklady.
Şu
günki duşuşykda beýan edilen teklipleriň anyk taslamalara öwrülmegine aýratyn
ähmiýet berýäris. Munuň üçin degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň hem-de Türkiýäniň işewür
düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegi zerur hasaplaýarys diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de her bir ugur boýunça ileri tutulýan
taslamalary kesgitlemegiň, olaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryny
taýýarlamagyň we durmuşa geçirilişini yzygiderli utgaşdyrmagyň hyzmatdaşlygyň
netijeliligini ýokarlandyrjakdygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz türk işewürleriniň Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa
geçirmäge bolan gyzyklanmasyna ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň täze
mümkinçiliklerini tapmagy we geljegi uly taslamalary gazanmagy arzuw etdi.
Dabara
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Daşary ykdysady
gatnaşyklar geňeşiniň başlygy bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Türkiýe
Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Ankara şäheriniň Etimesgut howa menziline bardy.
Haly
düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Soňra
döwlet Baştutanymyz bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe
sagatdan soňra hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
mähirli garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Türkiýe Respublikasyna iş
saparynyň hem-de Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII
sammitiniň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Şeýle
hem olar hormatly Prezidentimizi halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly
doktor derejesiniň berilmegi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady
gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşany» bilen sylaglanylmagy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de
Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan
işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hormatly
Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlik arzuw
etdi we bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala
aşyran iş sapary iki doganlyk ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň we
strategik hyzmatdaşlygyň mizemezdigini ýene bir gezek subut etdi. Hormatly
Prezidentimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine
gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň türki dünýäniň giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmaga, doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine umumy döredijilikli
kuwwaty pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezdi.