1-nji aprelda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa 6-10-njy aprelde Katar döwletinde geçiriljek
Parlamentara Bileleşiginiň 140-njy maslahatyna hem-de Zenan Parlamentarileriniň
maslahatyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gender syýasatyny durmuşa geçirmekde ýeten derejesini giňden wagyz etmegiň, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bilen tanyşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda Katar döwletinde geçiriljek Parlamentara Bileleşiginiň hem-de Zenan parlamentarileriniň maslahatynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz degişli işleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.