Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda Ahal
welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatyň gallaçy daýhanlarynyň 400 müň
tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, bu ugurdaky şertnamalaýyn borçnamany
üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy.
Häkim
öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine
we türkmen halkynyň Milli Liderine welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
welaýatyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý
etmekleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de mundan beýläk-de zähmet
üstünliklerini arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlarynda galan bugdaý
hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmalydygyny belledi we häkime
anyk tabşyryklary berdi.