milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisini kabul etdi
15 sagat öň 18 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, diplomat Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşykda ilçi wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige esaslanýan syýasatyna Pakistanda ýokary baha berilýändigini aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurdy we olaryň halklaryny diňe bir dost-doganlyk gatnaşyklarynyň däl, ruhy-medeni we taryhy gymmatlyklaryň hem baglanyşdyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Pakistanyň Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigi, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de iki ýurduň sebitde iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz bu taslamalaryň geljekde tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berjekdigine, şeýle hem Farýal Legariniň täze bellenen ilçi hökmünde iki ýurduň arasyndaky tagallalary utgaşdyrmak arkaly bu iri taslamalary durmuşa geçirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini bellediler.