Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we
ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli
gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen
döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Meri Saýmona
tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna
bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.