milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
17 sagat öň 24 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Häkimler Türkmenistany 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda galan bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň esasy ugurlarynyň hatarynda belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle-de häkimlere şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleriniň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň dowam edýändigi barada-da aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek üçin oba hojalyk önümçiligine ekinleriň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap usullaryň, tehnologiýalaryň, öňdebaryjy tejribäniň giňden ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy möwsümini netijeli tamamlamak, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk geçirmek, şeýle hem geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.