milli goshun logo
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary
Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary
06.12.2020 482 Habarlar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary ajaýyp sowgat aldylar. Şu gün bu ýerde birbada dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köpsanly şäher ilaty gatnaşdy.

Gurulmagy meýilleşdirilen dört gatly 32 jaýyň 6-sy ulanylmaga berildi. Bu ýerde esasy işleri Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň önümçilik bölümleri ýerine ýetirdiler.

Täze toplumyň ýaşaýyş jaýlarynda ýokary derejeli amatlylygy üpjün edýän ähli şertler döredildi. Şolaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýleriň 36-sy bar. Öýleriň meýdançasy degişlilikde 79, 101 we 119 inedördül metre barabardyr. Giň hem-de ýagty otaglaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylyp, aşhanalary we eýwanlary ajaýyp mebeller bilen üpjün edildi.