09.04.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollar pul baýragy gowşuryldy
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollar pul baýragy gowşuryldy
16.02.2020 233 Habarlar

15-nji fewralda Yzgant obasynda 2019-njy ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Gökdepe etrabyna mynasyp bolan baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputatlary, welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärendeçiler, önümçiligiň öňdebaryjylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar hem-de welaýatyň köp sanly ilaty gatnaşdy.

Iň gowy etrap diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň netijeleri Ministrler Kabinetiniň Türkmenistany 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp, 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Hödürlenen maglumatlar bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligini sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.

Her ýylda geçirilýän bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýeňiji sebitleriň ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegi, däne, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirişi, medeni-durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçilik, dynç alyş, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek ýaly görkezijiler boýunça kesgitlenýär.