Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda awtoulag serişdeleriniň iň
täze görnüşleriniň nobatdaky tapgyry, hususan-da, «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň
200-si hem-de «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.
Russiýanyň
meşhur öndürijisiniň ulaglary ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda
gurluşygy alnyp barylýan iri desgalarda ulanylar. Hususan-da, ýük awtoulaglary
agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalara paýlanyldy, şolaryň 40-sy Aşgabatda,
50-si Ahal welaýatynda, 20-si Balkan welaýatynda, 25-si Daşoguz welaýatynda,
35-si Lebap welaýatynda hem-de 30-sy Mary welaýatynda degişli düzümler
tarapyndan ulanylar.
Görülýän anyk çäreler paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna awtoulaglar bilen hyzmat edilişiniň ýokary medeniýetini üpjün etmäge, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.