Şu
gün ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar
ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport
toplumynda geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara
bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty
eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri
jemlendi.
Dabara
Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara
guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý
itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde
ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary tarapyndan
ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.
Myhmanlara türkmen topragynyň berekedi bolan naz-nygmatlar hödür edildi.
Toplumyň
açyk manežine barýan ýoluň ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň,
zergärleriň, muzeý işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerini hem-de türkmen alabaý
itleriniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde,
fotosuratlarda çeper beýan edýän Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň
welaýatlarynyň sergi-pawilýonlary ýaýbaňlandyryldy.
Gahryman
Arkadagymyzyň halkymyzyň milli mirasyny dünýäde wagyz etmek we ony gorap
saklamak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly
gaýtalanmajak tohumlary döreden halkymyz bu naýbaşy tohumlarda iň gowy
häsiýetleri terbiýelemek we kämilleşdirmek arkaly olaryň tohum aýratynlygyny şu
güne çenli üýtgewsiz görnüşde saklap galmagy başarypdyr.
Häzirki
wagtda bu işler döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, türkmen alabaýynyň wepadarlyk, gaýduwsyzlyk, düşbülik ýaly
häsiýetleriniň kemala gelmeginde tejribeli seçgiçilere möhüm orun degişlidir.
Halkymyzyň
asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiren itşynaslyk sungaty
dünýä medeniýetiniň aýrylmaz we naýbaşy bölegi hökmünde ykrar edildi. Geçen
ýylyň dekabr aýynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça
hökümetara komitetiniň Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen
mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaý itlerini ösdürip
ýetişdirmek däpleri» atly hödürnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän
başlangyçlarynyň, özboluşly medeni gymmatlyklarynyň halkara giňişlikde ykrar
edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.
Şu
ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
diýlip atlandyrylmagy berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanýan
üstünlikleriniň özeninde ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we
ýörelgeleriniň durandygyny aýdyň görkezýär. Ýylyň şygaryna bagyşlanyp
ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen dabaralar dünýäde milli
medeniýetimiziň naýbaşy nusgalaryny şöhratlandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli
itşynaslara, alabaýlaryň janköýerlerine we halkymyza iberen Gutlagynda
bellenilişi ýaly, ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala
getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, adamzat gymmatlygyna öwrülen
alabaýlarymyz Ýer ýüzündäki tohum itleriň iň naýbaşylarynyň biridir. Halk
seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen
türkmen alabaýlary halkymyzyň köňül guwanjydyr. Ynsan bilen türkmen alabaýynyň
arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem aýdyň
beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz ajaýyp alabaý itlerimizde gaýratlylygyň,
batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp alamatlaryny görüpdirler.
Türkmen alabaýlary gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň
ýaraşygydyr we goragçysydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli buýsanjymyzdyr
diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.
...Aşgabat
atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly
halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden
geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen
baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Synlaýyş meýdançasyna
bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinden saýlanyp alnan
iň gowy alabaýlaryň 10-ysy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara
alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim
edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlaryň hersi belli bir nesil
ugruna degişlidir. Milli itşynaslygy ösdürmäge gönükdirilen bu bäsleşik
alabaýlaryň tohum arassalygynyň saklanylmagyna ýardam berýär.
Bäsleşige
gatnaşdyrylýan alabaýlar tomaşaçylara eýeleriniň öwreden endiklerini
görkezdiler. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daş keşbi bilen
birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň
ussatlygy alabaýy päsgelçiliklerden geçmäge gönükdirmekde jemlenýär. Şol
päsgelçiliklerden geçilende tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar.
Bäsleşigiň
netijelerini jemlemek hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady
ýetip gelýär. Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewe
söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny
ösdürmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan
alabaýlary dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Şunlukda,
«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Aşgabat şäherinden hususy itşynas
A.Bakeýewiň Akgaýa atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň
ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly
ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom
bilen sylaglanyldy. Hususy itşynas A.Bakeýew gymmat bahaly sowgat we
alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan
döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Dabaranyň
dowamynda türkmen alabaýynyň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty
eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan
etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň,
neşirýat işgärleriniň hem-de teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik
bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Bäsleşigiň
haly eserini döretmek ugry boýunça «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat
çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi A.Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly
haly eseri bilen ýeňiji boldy. Döredijilik bäsleşiginiň surat eseri ugry boýunça
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty
fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby S.Osmanowyň
«Miras» atly nakgaş eseri ýeňiji diýlip yglan edildi.
Bäsleşikde
heýkel eseri ugry boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş
sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby B.Batyrowa
özüniň taýýarlan «Alabaýyň waspy» atly işi bilen ýeňiji boldy. Neşir önümi ugry
boýunça ýene-de şol akademiýanyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň binagärlik
gurşawynyň dizaýny hünäriniň üçünji ýyl talyby Y.Ýaýlimow türkmen alabaýynyň
keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi üçin ýeňiji diýlip yglan edildi.
Döredijilik bäsleşiginde teleoperatorlaryň taýýarlan wideoşekilleri
seljerilende, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy N.Orazgeldiýew «Türkmen oba hojalyk
uniwersitetinde kinolog hünärmenleriň taýýarlanylyşy» ady bilen taýýarlan
wideoşekilleri bilen ýeňiji boldy.
Döredijilik
bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
adyndan degişli şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Milli
gymmatlyklarymyzy çeper wasp etmek ýaly asylly işlere we uly dabaralara
beslenen pursatlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň many-mazmun taýdan
baýlaşmagyny şertlendirdi.
Bäsleşigiň
ýeňijileri Şa serpaýlaryny uly buýsanç bilen kabul edip, milli
gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,
ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar
durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara
beslenmegini dileg etdiler. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň
baýramy mynasybetli guralan «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara
bäsleşigiň ýeňijileri paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän dünýä nusgalyk
milli gymmatlyklarymyzy giňden wasp etmekde mundan beýläk-de tagallalaryny
gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Şeýlelikde,
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary
halkymyzyň milli buýsanjy bolan alabaýlara döwlet derejesinde ähmiýet
berilýändigini, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, milli
itşynaslyk sungatyny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa
geçirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de ýaýbaňlandyryldy.