Ýakynda Türkmenistanyň Harby akademiýasynda harby
we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdelerine hünärini kämilleşdirenligi barada degişli
resminamalar we diplomlar gowşuryldy. Öz bilimini artdyran we goşmaça
tejribe alan harby gullukçylar diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza
ygrarly bolup, Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzyň goranyş kuwwatyna mynasyp
goşant goşarlar.
Alnyp barylýan
şeýle asylly işler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň serkerdeleriniň
hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de Watan goragyna ýokary derejede
taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu babatda
şeýle diýýär: «Gerçekligiň mekdebi atalarymyzyň Watana ygrarlylygynyň mekdebidir.
Bu mekdep kişi hökmünde seniňem, islendik ýagdaýda Watany goramaga güýjüňi we
gaýratyňy, iň esasanam, ussatlygyňy äşgär edýän ylym-bilimiň, tälim-terbiýäniň
toplumydyr».
Täze
hünärleri, kärleri we derejeleri özleşdiren, ýokary okuw mekdebinden soňky
hünär bilimini bermek boýunça bilim maksatnamalaryny amala aşyran Watan
goragçylary nesip bolsa, Watanymyzyň sarsmaz galasy bolarlar.
«Milli goşun».