Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş
dabarasynyň çäklerinde müdiriýetiň ýolbaşçysy Ç.Amanow Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowdan bu ýerde ösdürilip ýetişdirilýän
önümlerden süýjülik dadymlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
gowşuryp bermegi haýyş etdi.
Hormatly Arkadagymyz şu gün säher bilen döwlet Baştutanymyzdan harby we
hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş
dabarasyna gatnaşmak baradaky tabşyrygy alanlarynda, bu ýerde ösdürilip
ýetişdirilen önümlerden gowşuryljak süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde
terbiýelenilýän çagalara geçirmek barada görkezme berlendigini aýtdy.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz azyk we gök, miwe önümlerini Döwletliler
köşgüniň şu günler Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş-dynç alyş
merkezinde dynç alyşda bolýan çagalaryna gowşuryljakdygyny mälim etdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy
boýunça Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň Hojalyk müdiriýetinde ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň dürli
görnüşinden, ir-iýmişlerden ybarat süýjülik dadymlygy Döwletliler köşgünde
terbiýelenilýän çagalara gowşuryldy. Çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa gatnaşdy.
Ösüp gelýän nesil, maşgala gymmatlyklarynyň hem-de ruhy taglymlaryň
dowamat-dowamlylygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça
amala aşyrylýan, milli ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan durmuş ugurly
syýasatyň aýrylmaz bölegidir. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş
nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly terbiýelenilmegi hem-de aň-paýhas başarnyklarynyň
doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalar süýjülik dadymlygyny şatlyk
bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize bagtyýar çagalyk üçin hoşallyk
bildirdiler.