1-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ykdysadyýetimiziň 2019–2025-nji
ýyllar üçin Hökümet tarapyndan teklip edilýän nusgasy esasy ugurlaryň
birnäçesini birleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi we şolaryň her biri barada jikme-jik durup geçdi.
Birinjiden,
senagat pudaklaryny we hyzmatlar ulgamyny düzüm taýdan üýtgedip guramak göz
öňünde tutulýar. Bu bolsa ylmy-tehniki derejesi we goşulan bahasy pes bolan
senagat önümlerini öndürmekden, ýokary tehnologiýaly önümçiligi goldamaga
ähmiýet bermek bilen, goşulan bahasy ýokary derejede bolan önümleri öndürmäge
geçmegi aňladýar.
Ikinjiden,
hususylaşdyryp we paýdarlar jemgyýetlerine öwrüp, döwlete degişli eýeçiligi
azaltmagy işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýar.
Üçünjiden,
kärhanalary üýtgedip guramagy öz içine alýar. Munuň üçin dolandyryş we
önümçilik babatda dünýäde gazanylan iň täze ylmy we tehnologik üstünlikleri
ulanmak meýilleşdirilýär. Şoňa laýyklykda, dolandyryş ulgamy hem özgerdiler.
Sebäbi sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kärhanalary üýtgedip guramak
ykdysadyýetimiziň täze durkuny döretmek üçin esas bolup durýar.
Dördünjiden, maksatnama marketing
strategiýasyna hem düzedişleri girizmegi öz içine alýar. Umumylaşmak we
halkara derejesinde goşulyşmak kärhanalar üçin örän uly bazarlary açýar. Olara
öz maýa goýum taslamalaryndan gelip çykýan artykmaçlyklary doly derejede
peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen
baglylykda, milli Liderimiz biz önümleri we eksport bazarlaryny
diwersifikasiýalaşdyryp, harytlaryň birnäçe bazara bagly bolmagyny
çäklendireris diýip, sözüni dowam etdi. Şol bir wagtda bolsa, içerki bazary,
aýratyn-da, oba ýerlerinde ösdürmegi höweslendireris.
Umuman, döwlet
çykdajylaryny azaltmak we hususy pudagyň hem-de daşary ýurt firmalarynyň maýa
goýumlaryny çekmek üçin şertleri ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Maýa
goýmagyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak, hususan-da, döwlet bilen
hususyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bellenilýär.