milli goshun logo
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
3 gün öň 56 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we häzirki zaman binagärlik tejribesiniň nusgasyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygynda ulanylýan serişdeleri synlap, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar toplumlarynyň çäklerinde oturdylmagy göz öňünde tutulýan şekiller, olaryň özboluşly aýratynlyklary barada hasabat berdiler.