milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi
3 gün öň 60 Habarlar

Şenbe güni – 31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanýan köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Ýurtlarymyz birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.