milli goshun logo
Ykdysadyýet
Ykdysadyýet
21.09.2018 3680 Türkmenistan

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

2017-nji ýylyň jemleri boýunça ähli pudaklarda ykdysady ösüş üpjün edilen, halkyň maddy hal-ýagdaýy ýokarlanýar.

Ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine 2018-2024-nji ýyllarda 240 milliard manat bölüp bermek göz öňünde tutulýar.

Halk hojalygyna häzirki wagtda ägirt uly serişdeler, has takygy 50 mlrd amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumlary goýulýar.

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 2017-nji ýylda ösüş depgini 6,5% deň boldy. Baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,8%, çykdajy bölegi bolsa 96,4% derejesinde ýerine ýetirildi.

Şunuň bilen birlikde aýlyk haklarynyň möçberi ýokarlandy. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä, 8,8 göterim ýokarlandy.  

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň hem-de guramalaryň işgärleriniň zähmet haklary, şeýle hem pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandy. Galyberse-de, ýakyn ýedi ýylyň dowamynda durmuş tölegleriniň şu görnüşleriniň ählisiniň möçberlerini şu derejede artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, ykdysadyýetiň ösmegi, maliýe we durmuş durnuklylygy bilen düşündirilýär.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 119 sany ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

Türkmenistanyň guramalarynyň we edaralarynyň maliýe hasabatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek, dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin esasy utgaşdyryjy gural bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda degişli Kararyň kabul edilendigini ýatlamalydyrys. Şol resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara we guramalara (karz beriji edaralardan başga) 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan buhgalter hasabatynyň hem-de maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmek bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2018-2024-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça geçirilen işleriň çäklerinde geljekde ýokarda agzalan pudaklary mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen ýörite orta möhletleýin maksatnamalar işlenip düzüldi.

Ykrar edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da, energetika pudagynda, türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirijilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag-turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňüne tutýar.

2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2017-nji ýylda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102 göterime, daşary ýurtlara eksport edilen «mawy ýangyjyň» ösüş depgini 101,1 göterime, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ösüş depgini 107 göterime deň boldy. Şuňa laýyklykda, ýurt adaty ulanýan ugurlary bilen bir hatarda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) ugry boýunça gaz geçirijisini hem hyzmatdaşlary bilen durmuşa geçirmeklige içgin girişdi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Şu ýylyň 23-nji fewralynda bu gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.

Iş ýüzünde görülýän çäreleriň netijesinde türkmen ykdysadyýetine goýulýan daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýylsaýyn ýokarlanýar, bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz ojagyny abadanlaşdyrmak işini, etilenden pes basyşly polietileni öndürmek boýunça gazy gaýtadan işleýän toplumyň, tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürýän zawodyň, gazy polimere öwürmek boýunça kärhananyň, polietilen we polipropilen öndürýän zawodyň, konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürmek boýunça toplumyň we beýleki köpsanly desgalaryň gurluşygyny daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Türkmenistan energiýa geçirijilerini Ýewropa döwletlerine ýetirmek babatda hem içgin gyzyklanmak bilen garaýar. Tebigy baýlyklar bilen birwagtda Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwersifikasiýa strukturasy, ilkinji nobatda uglewodorod çig malyna esaslanan, senagatyň gaýtadan işleýän täze pudaklaryny döretmegiň üsti bilen yzygider amala aşyrylýar. Bu sebitiň ajaýyp geografiki ýerleşişini hasaba almak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar zolagynda Türkmenistan halkara ulag taslamalaryny bilelikde işläp düzmegi möhüm hasaplaýar.

Türkmenistanyň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamy bilen baglanyşykly we elektrik energiýanyň köp bölegini Owganystana, Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge ukyply. Ýurduň energetika pudagynyň potensialy yzygiderli artdyrylýar, täze elektrostansiýalar we elektrogeçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan energetiki desgalaryň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzda öndüriljek elektrik energiýasynyň mukdary 33 milliard kilowatt sagada ýetiriler. Munuň özi 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 27,2 göterim köpdür. Elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberiljek mukdary birnäçe esse artar.

Ykdysadyýetiň maliýe goýum görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň tiz depginler bilen ösmegine getirdi. Senagat, dynç alyş, medeni ugurlara gönükdirilen «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagy ýaly uly göwrümli gurluşyk taslamalaryndan başga-da ýurduň içinde ýaşaýyş jaý gurluşyklary hem alnyp barylýar. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplary we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama amala aşyrylýar.

Degişli maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. 2017-nji ýylyň dowamynda köp sanly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy. Olaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş-medeni maksatly binalardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda umumy bahasy 42 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 1700-e golaýy gurulýar. Hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň 10-sy, inženerçilik ulgamlarynyň 623,6 kilometri, 1214,3 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy. Häzirki wagtda suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 31-siniň, durmuş maksatly desgalaryň 59-synyň, 352 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri dowam edýär.

2018-nji ýylyň 7-nji fewralynda Aşgabat şäheriniň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyry dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär.

Türkmenistan dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr-ulag we telekommunikasiýa geçelgesine öwrülýär. Munuň özi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen ady göterýän 2018-nji ýylda aýratyn möhümdir. Yklymyň esasy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz, müňlerçe ýyllar mundan hem öň bolşy ýaly, häzir hem bu gadymy kerwen ýolunyň möhüm halkasy bolmagynda galýar. Onuň innowasion taýdan täzeden dikeldilmeginde Türkmenistan barha işjeň we ähmiýetli orun tutýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag we aragatnaşyk pudagynyň depginli ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, goňşy ýurtlar bilen bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi hem-de Ýer ýüzüniň halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ulag ulgamyndaky uly göwrümli halkara taslamalary sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlyga uly itergi berer.

2016-njy ýylda Aşgabatdaky täze Halkara howa menzili, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyry işe girizildi.

2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenabat şäherinde täze gurlan halkara howa menzili işe girizildi.

2018-nji ýylyň maý aýynyň 2-sine Türkmenbaşyda täze halkara deňiz portunyň açylyş dabarasy, şeýle-de «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Ulag boýunça halkara forum we sergi geçirildi.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagy bilen ýük daşamaklygyň göwrümi hem artýar. 2017-nji ýylda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň umumy möçberinde olaryň hersi boýunça awtomobil ulagynyň paýy 101 göterime barabar boldy. 2017-nji ýylda suw ulaglary arkaly ýük daşalyşynyň möçberi 152 göterime ýetdi. Diňe geçen ýylda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýolagçy dolanyşygynyň 154,3 göterime deň bolandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar-Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irileriniň biri hökmünde çykyş edýär. Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmegiň maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de Ýewraziýanyň dünýädäki iki ykdysady giňişliklerini birikdirmek bilen baglanyşyklylykda bu ugurda möhüm logistik geçelgeleri kemala getirmek uly ähmiýete eýedir. Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykylmagyny üpjün etmek bilen, günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna birleşmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. 

2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda hormatly Prezidentimiz eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmiki tehnologiýalaryň ulanylyşyny artdyrmagy ýakyn döwür üçin möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmiki ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manada golaý maýa goýumlary gönükdiriler.

Türkmenistanda eýýäm doly gazylyp alnan ýatak gorlaryny toplumlaýyn ulanmak, şeýle-de himiki çig malyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek bilen bagly himiýa we nebithimiýa senagatynyň pudaklaryny ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. 

Lebap welaýatynyň Gowurdak – Köýtendag ýerlerinde täze kaliý duzlarynyň ýataklary açyldy hem-de 2009-njy ýylda welaýatyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlandy. Kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlanmagy, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine täze bir ulgamyň goşulýandygyny aňladýar. Şeýlelikde, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagy ýylda 1-den 1,5 million tonna çenli dökünleri öndürmäge ukyply, gelejekde bolsa 4 million tonna çenli artdyrylar. Toplumyň birinji nobatdakysynyň bahasy ABŞ-nyň bir milliard dollaryna barabardyr. 2017-nji ýylyň 31-nji martynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesinde gurlan kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyny ulanyşa girizmek dabarasyna gatnaşdylar.

Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygy tamamlap barýar. Onuň okgunly ösüp barýan gazhimiýa pudagyny, umuman milli ykdysadyýeti berkitmekde uly ähmiýeti bar. Nobatdaky ýyl  kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna önüm çykarýan karbamid öndürýän zawody işe girizmek meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze edara merkezi we  Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda aýna önümlerini öndürýän kärhana ulanylmaga berildi.  

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty doly derejede azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak we yzygiderli azyk howpsuzlygyny üpjün etmek girýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan özüni esasy azyk önümleri bilen doly üpjün edýär. 2016-njy ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,4 göterim artdy. 2017-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýyla garanyňda, 19 göterim artdy. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 4 milliard 891,4 million manada barabar boldy. 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş 12,8 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportunyň möçberi 6,6 göterim ýokarlandy, ýurdumyza getirilýän önümleriň möçberi bolsa 21 göterime golaý azaldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen dokma senagaty guruldy we öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 60 sany dokma toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriniň 80% töweregi Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ-na, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň mejlislerinde BMG-niň düzümleriniň üçüsine – 2017-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksadynda ylym we tehnika boýunça komissiýa, 2016-2020-nji ýyllar üçin ilat we ösüş boýunça komissiýa hem-de 2017-2021-nji ýyllar üçin durmuş ösüşi üçin komissiýa saýlanylmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň Hökümetiniň milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegi üçin görýän çärelerini goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Meňzeş habarlar