Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmeklik döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak syýasatynyň çäginde amala aşyrylýar. Ýurtda düýpleýin durmuş özgertmeler syýasaty ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilmegine gönükdirilendir. «Döwlet – adam üçindir!» şygary Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy şygarydyr. Durmuş meselelerini çözmek maksady bilen häzirki wagtda ýüzlerçe hassahanalar, ýokary okuw jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen döwrebap binalar gurulýar. Türkmenistanyň raýatynyň döwrebap mugt lukmançylyk hyzmatyna we bilime hukugy bardyr.
Türkmenistanyň mynasyp geljegi bardyr. Türkmenistanyň ilaty elektroenergiýa, tebigy gaz, suw we nahar duzy bilen üpjün edilýär. Ilat üçin çörek, jemgyýetçilik ulagyndan, demir ýol we howa ulaglaryndan peýdalanmak elýeterli bahadandyr.
Türkmenistanyň döwlet býujetiniň 80% golaýy her ýyl durmuş zerurlyklaryna gönükdirilýändir. Türkmenistanda her ýyl aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary 10% ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň ilaty üçin dünýä ölçeglerine laýyklykda ýaşaýyş-hyzmat we ulag hyzmatlaryna iň pes bahalary kesgitlenendir.
Türkmenistanyň 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren «Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky» kodeksine laýyklykda döwlet kömek pullarynyň we maýyplara durmuş kömekleriniň görnüşleri artdyryldy. Maýyplaryň kömek pullarynyň möçberi hem köpeldildi. Çaga dogulanda, 3 ýaşa ýetýänçä oňa ideg etmek üçin berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberi köpeldildi. Ekleýjiniň bolmadyk halatynda hem kömek pullaryny bermek göz öňünde tutulan. Şeýle-de durmuşy kömek pullarynyň berilmegine bolan hukugy göz öňüne tutuldy.