milli goshun logo
Medeniýet
Medeniýet
21.09.2018 5055 Türkmenistan

Medeniýet güýjüň egsilmez çeşmesi bolup, ol her bir halkyň milli aýratynlyklaryny kemala getirmäge ýardam edýär, ýakynlaşmagyň ruhy köprüsi bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Türkmenistanda Medeniýet Ministrligi hereket edýär, onuň esasy işi Türkmenistanyň medeniýetini ösdürmek, medeniýet pudagynyň amatly şertlerini sazlamak, milletiň arasynda şahslary ruhy we medeni taýdan durmuşa geçirmek bolup durýar.

Döwletiň medeniýet babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmek, ilkinji nobatda, dürli çäreleri halkara derejesinde geçirmekden ybaratdyr.

Medeniýet hyzmatlarynyň hilini giňeltmek we ösdürmek üçin, ilata elýeterligini gowulandyrmak, döredijilik toparlarynyň repertuaryny täzelemek, muzeý we kitaphana gaznalaryny, medeniýet ulgamlarynyň işlerini utgaşdyrmak ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu günki günde ýurtda 10 sany döwlet teatry, olaryň 6-sy paýtagtda ýerleşýär, 1 sirk, 2 sany kinokonsert merkezi, 36 sany döwlet muzeýi, döwlet kitaphanalar bar. Kitaphanalar: Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň körler we kerler üçin kitaphanasy (3 şahamçasy we 1 kitap beriş nokady bar), Aşgabat şäheriniň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy (1 merkezi, 21 sany kitaphana  şahamçasy bar). Şeýle-de her welaýatda uly welaýat kitaphanasy we Medeniýet ministrligiň garamagyndaky kitaphanalar hereket edýär.

Hususan-da, bu ulgamlaryň işiniň has-da täsirliligi, olaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esasan hem sebit derejesindäki wajyplygy üçin guramaçylyk-usulyýet kömegini bermekde ýörite topar döredildi. Şol topar welaýatlarda, medeni işlerini seljerilýän esasy ýerlerde iş saparlaryny alyp barýarlar, şol ulgamlaryň işgärleri bilen seminarlary guraýarlar, maslahat kömeklerini berýärler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda 3 sany ýokary okuw mekdebi, 8 sany orta hünär okuw mekdebi, 1 sany ýörite sazçylyk mekdep-internaty, 12 sany çagalar çeperçilik we 80 sany çagalar sungat mekdepleri hereket edýär.

2017-nji ýylyň wakalary ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny şöhlelendirdi. Ýurdumyzda geçirilen şanly seneler we baýramçylyklar, tematiki maslahatlara, çeper we kitap sergilerine we konsertlere, teatr sahnalaryna we döredijilik duşuşyklaryna hem-de durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermek dabaralaryna beslendi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyk mowzugy Türkmenistanyň we birnäçe daşary ýurt döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň barşynda öz ösüşine eýe boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatry tarapyndan bilelikdäki döredijilik çäreleri–türkmen we hytaý sungat ussatlarynyň, ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de «Amerikan sesleri» guramasyndan sazandalaryň, bagşylaryň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» toparynyň hem-de Milli gugaka merkeziniň Koreý tans toparynyň konsertleri, şeýle hem belli «Arar» fransuz toparynyň iki bolup çykyş edýän ussatlarynyň çykyşlary boldy.

2017-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda geçirilen Eýranyň medeniýet günleriniň dowamynda  Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda uly sergi ýaýbaňlandyryldy, dostlukly döwletiň amaly-haşam sungat ussatlarynyň türkmen kärdeşleri bilen duşuşygy geçirildi, häzirkizaman eýran filmleri görkezildi hem-de iki ýurduň ýaş aýdymçylarynyň, sazandalarynyň we tansçylarynyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet gurjak teatrynda konsert guraldy. 2017-nji ýylyň mart aýynyň soňky ongünlüginde Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde meksikaly fotosuratkeşiň işleri görkezildi.

Türkmenistanyň Katarda Medeniýet günleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparyna gabat gelip, döwletara gatnaşyklarynda medeni diplomatiýasynyň möhüm ornunyň nobatdaky subutnamasy boldy. 2017-nji ýylyň 10-14-nji martynda Dohada geçirilen döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti, amala-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünliklerine hem-de Aşgabatda geçirilen Aziada-2017-ä bagyşlanan neşir önümleriniň sergisi, iki ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşyklary, türkmen kinofilmleriniň görkezilişi boldy.

2017-nji ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda ilkinji gezek Palestina Döwletiniň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň hormatyna maý aýynda ýurdumyzyň ilçihanasy tarapyndan HHR-de ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň konserti guraldy. Şol aýyň medeni wakalarynyň hatarynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan hem-de türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Ýaponiýanyň fotosuratçylarynyň sergisi boldy. Şeýle hem şol muzeýde türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli ikinji ongünlükde “Hindi dokma önümler dünýäsi” atly sergi guraldy. Bu ýerde egin-eşiklerden başga-da, dostlukly ýurduň dürli ştatlarynda taýýarlanan gobelenler, halylar hem-de bezeg daşlary bilen bezelen saçaklar görkezildi.

Türkmen-rus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçirilen halkara çäreleriniň hatarynda russiýaly sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkezilen oýun, şeýle hem 2017-nji ýylyň iýun aýynda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Sankt-Peterburg Saz öýüniň sazandalarynyň konserti boldy. Iýun aýynyň birinji ongünlüginde Magtymguly adyndaky Türkmen sazly drama teatrynda geçirilen türkmen we italýan opera sahna ussatlarynyň çykyşlary iki ýurduň diplomatik gatnaşyklarynyň 25 ýyllygyny alamatlandyrdy. 2017-nji ýylyň 14-16-njy iýunynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Täjigistanyň Medeniýet günleri türkmen we täjik halklarynyň däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryna täze öwüşginleri çaýdy. Forumyň çäklerinde konsert, Şekillendiriş sungaty muzeýinde täjik ussatlarynyň surat sergisi, «Häzirki zaman Täjigistan» atly foto işleriň sergisi, neşir önümleriniň sergisi guraldy. «Aşgabat» kinomerkezinde çeper we dokumental filmler görkezildi.

2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda hem-de Daşoguzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Şol aýyň ahyrynda  paýtagtymyzda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanylan Rumyniýanyň Medeniýet günleri geçirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýaponiýada Medeniýet günleri geçirildi. Noýabryň medeni çäreleriniň hatarynda fransuz pianinoçylary Maksim Zekiniň hem-de Dawid Bismutyň konserti, şeýle hem Merkezi Hindistanyň görnükli halk tanslaryny görkezen «Nepangar Jagruti Kala Kendra» hindi toparynyň çykyşy boldy. Dekabrda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri bolup geçdi.

Medeni-ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy baradaky mesele Medeniýet ministrligi bilen ýurdumyzda işleýän birnäçe döwletleriň diplomatik wekilhanalary tarapyndan bilelikde guralan hem-de «Aşgabat 2017» oýunlaryna bagyşlanylan konsert maksatnamalarynda öz beýanyny tapdy.

2017-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda daşary ýurtlarda bolup geçen çäreleriň birnäçesi milli medeniýetimizi wagyz etmäge gönükdirildi. Şunuň bilen baglylykda, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde şol aýyň 12-22-si aralygynda geçirilen III Halkara kitap sergisiniň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Şekillendiriş muzeýi tarapyndan guralan ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleriniň sergisini belläp geçmek gerek. Koreýa Respublikasynda 2017-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen folklory we häzirki zaman aýdym-sazlary görkezildi. «Koreýanyň we Merkezi Aziýanyň halk sazlarynyň taryhy» diýen döredijilik tapgyrynyň çäklerinde Seul hem-de Kwanju şäherlerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň aýdymçylarynyň we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda konsertler boldy. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzyň ylym we medeniýet ulgamyny diplomatiýanyň ynsanperwer ugry hökmünde halkara gatnaşyklaryny has-da giňeldilmelidigine gönükdirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň wekiliýetiniň 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň ikinji ongünlüginde Russiýanyň paýtagtynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XII forumyna gatnaşmagy nusga alarlykdyr. Duşuşygyň esasy mazmuny “GDA-da maşgala gymmatlyklaryny we däplerini pugtalandyrmakda we goldamakda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň orny” diýen meselelerden ybarat boldy.

Medeniýet ulgamynyň daşary ýurtly wekillerini sylaglamak biziň ýurdumyzyň we milli medeniýetimiziň, bu ugurda işjeň ösýän halkara gatnaşyklarynyň açyklygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklarynyň arasynda dostluk doganlyk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we hyzmatdaşlygy, ynsanperwer ulgamda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanylan üstünlikler we ajaýyp zehini üçin «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogluna gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň medeniýetiniň wekiline degişli Hormat nyşanyny gowşurmak bilen parahatçylygy, halklaryň dostlugyny we jebisligini berkitmekde bu ulgamyň möhüm ornuny belledi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Türkmen bedewiniň baýramy giňden bellenildi. Dabaralaryň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Milli we dünýä medeniýetiniň hadysasy hökmünde ahalteke bedewleriniň özboluşlylygyny saklamak meseleleri möhüm bolup, ozaly bilen, döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewlerini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda başlangyçlary bu ugurda aýratyn orun eýeleýär.

2017-nji ýylyň aprel aýynda Astanada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyna gabatlanyp geçirilen milli Liderimiziň ahalteke bedewleri hakynda kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Okyjylara gazak dilinde neşir edilen hem-de dostlukly ýurduň sebitleriniň kitaphanalaryna, şeýle hem okuw mekdeplerine sowgat berlen «Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler» hem-de «Gadamy batly bedew» atly kitaplar bilen tanyşdyryldy.

Mirasy aýawly saklamak baradaky mesele bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň hataryna degişli orta asyr binagärlik desgasy bolan Il-Arslanyň kümmetiniň gümmezini dikeltmek boýunça işlere badalga berlendigini bellemek gerek.

Ýurdumzyň çäklerindäki gadymy ýadygärlikleri gorap saklamak baradaky mesele bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň awgustynda dikeltmek bilen meşgullanýan türkmen hünärmenleriniň nobatdaky taslamasynyň tamamlanyş dabarasy boldy. Bu taslama bäsdeşlik esasynda «ABŞ-nyň medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçisiniň gaznasy» tarapyndan goldanyldy. Geçen ýyl bürünç eýýamynyň Goňurdepe ýadygärliginde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän mahaly birnäçe ýyl mundan ozal ýüze çykarylan täsin mozaiki serişdeleriň durkuny täzelemek we muzeýleşdirmek boýunça dikeldiş işleri tamamlandy. Muzeýde ýaýbaňlandyrylan serginiň çäklerinde Goňurdepeden tapylan gymmatlyklar giň jemagata görkezildi.

Türkmenistanda milli mirasy öwrenmek, aýawly saklamak we dünýä ýaýmak boýunça köp ugurly işleriň geçirilmegine 2017-nji ýylyň aprel aýynda kabul edilen «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.

2017-nji ýylyň birinji çärýeginde çap edilen kitaplaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine bagyşlanan «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby bar. 

2017-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaş toýuna bagyşlanan türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen «Arkadagyň ajap eýýamy» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. 2007-2017-nji ýyllaryň taryhy pursatlaryny öz içine alýan neşir ýurdumyzyň durmuşynda möhüm we ähmiýetli wakalary beýan edýär. Şeýle hem milli Liderimiziň türk dilinde neşir edilen «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» hem-de «Paýhas çeşmesi» atly kitaplary çapdan çykdy.

Gadymy ýoluň ähmiýetine häzirki zaman nukdaýnazaryndan garamagyň başlangyjy bilen döwlet Baştutanymyz çykyş edip, «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly täze kitabynda onlarça döwletleri söwda, maglumat alyşmak we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran bu kerwen ýolunyň aýratyn özbolugşlylygyna garaýşyny beýan etdi. Eseriň esasy pikiri Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýollary arkaly halkara derejesinde onuň tutýan başlangyçlary bilen çykyş etmek we döredijilik ýörelgelerine akyl ýetirmekden ybaratdyr. 2017-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyzyň köpsanly ýüztutmalaryny we arzuwlaryny göz öňünde tutup, Karara gol çekdi, resminama laýyklykda, 2018-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygar astynda geçýär.

Ýurdumyzyň neşirýat önümleri däp boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň «Kitap sungaty» diýen halkara bäsleşigine gatnaşdy. Bäsleşikde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen neşirleriň dördüsi hem ýokary sylaglara mynasyp boldy. 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Moskwanyň şanly otuzynjy halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde sylaglaryň gowşurylyş dabaralary geçirildi. «Meniň ýurdum» tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamynyň astyndan çykan «Türkmenistan» atly kitaby birinji orny eýeledi. Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» diýen kitaby hem bäsleşigiň eminleriniň ýörite diplomyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň dilçileriniň bilelikdäki işi bolan Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi «Okuw edebiýaty we bilim» tapgyrynda ýeňiji boldy. Türkmen neşiri ilkinji gezek «Gran-pri» tapgyrynda bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Hormatly baýraga Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gadamy batly bedew» atly kitaby mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanyp her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň aýdyň wakalarynyň birine öwrüldi. Ol 2017-nji ýylyň 22-27-nji iýunynda Aşgabatda geçirildi. Forumyň çäklerinde paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde, medeni merkezlerde, Döwlet sirkinde, açyk sahna meýdançalarynda ýurdumyzyň artistleriniň we döredijilik toparlarynyň, Döwlet simfoniki orkestriniň, bagşy-sazandalaryň gatnaşmagynda konsertler we çykyşlar guraldy. Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergi häzirkizaman suratkeşleriniň döredijilik işleri bilen tanyşdyrdy, şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň gymmatly nusgalary görkezildi. Bu ulgamda wajyp meselelere bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň neşir önümlerini, Türkmenistanyň şu gününe, milli sungata we dynç alyş mümkinçiliklerine, Aziýa oýunlaryna bagyşlanan suratly kitaplar, broşýuralar, bukletler, foto işleri görkezildi. Hepdelikde häzirki zaman türkmen kinosy medeni mirasa we müdimi umumadamzat gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe çeper filmler arkaly tanyşdyryldy. «Ylham» seýilgähinde şygyr okaýyşlary geçirildi. Iň gowy çagalar toparlary, ýaş okaýjylar, suratkeşler we sazandalar hem ulular bilen bir hatarda, Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelerine gatnaşdylar.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň soňky gününde paýtagtymyzyň Mukamlar köşgüniň sahnasynda «Ýaňlan, Diýarym–2017» atly höwesjeň ýaş aýdymçylaryň bäsleşiginiň jemleýji tapgyry we uly konserti geçirildi. Bu döredijilik gözden geçirilişi, asylly däbe görä, her ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilip, meşhur sazandalary, estrada ýerine ýetirijileri hem-de täze başlaýan aýdymçylary bir ýere jemleýär. Oktýabrda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda zehinli çagalaryň çykyşy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly her ýyl geçirilýän döredijilik bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi, şeýle hem onuň ýeňijilerine mynasyp bolan sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Halkara derejesindäki wakalarda dünýäniň dürli döwletleri bilen köptaraply gatnaşyklar babatda Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek baradaky mesele ösüşlere eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-rus gepleşikleri nusga alarlykdyr. Olaryň dowamynda resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Paýtagtymyzda 2017-nji ýylyň 2-3-nji oktýabrynda geçirilen RF-nyň Medeniýet günleri Russiýanyň Lideriniň Aşgabada bolan resmi saparyna gabatlanyldy.

Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça döwlet syýasaty babatda taryhy-medeni ýadygärlikleri mundan beýläk-de öwrenmek baradaky mesele işjeňleşdirildi. Ýurdumyzyň çäklerinde bu gadymy ýoluň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde arheologiki gazuw-agtaryşlary geçirmegiň Döwlet maksatnamasy şu işlere ýardam bermäge gönükdirilendir. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllara niýetlenendir.

2017-nji ýylyň dekabr aýynda Koreýa Respublikasyndan «Küştdepdi» türkmen milli aýdym aýtmak we tans etmek sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy. Bu çözgüt 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çeju şäherinde geçirilen maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara toparynyň 12-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň medeni durmuşynyň wakalary bir bitewi görnüşi emele getirip, ýurdumyzyň gazananlarynyň giň gerimlidigini, onuň ruhy ösüşiň belentliklere tarap okgunly hereket edýändigini ýüze çykarýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  soňky ýyllarda bu ugurda Türkmenistanda örän netijeli tejribe toplandy. Ol merdana halkymyzyň baý ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda öz netijelerini bermelidir.

Meňzeş habarlar