20-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň), Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB — MA — Owganystan görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.
Duşuşygyň barşynda sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlyk ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyk etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» mejlisiniň ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyryna hem-de ÝB — MA görnüşindäki «ýaşyl ykdysadyýet» boýunça Birinji foruma görülýän taýýarlygyň barşyna, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine garaldy.