Ýurdumyzda
giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny
dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara
hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülikler, ýörite
baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ynsanperwer
ýörelgeleriň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.
Milli
senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde
saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyndan süýjülikleri, ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe
öwrüldi. Çagalar Hasyl toýy mynasybetli iberilen sowgatlary hem hormatly
Prezidentimize, Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen
kabul etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen
Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň durmuş ugurly döwlet
syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň güwäsidir.
Häzirki
wagtda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy Gahryman
Arkadagymyzyň berkarar eden we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa
geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda
ýaşlary watansöýüjilik esasynda terbiýelemek, olaryň ata-babalarymyzyň
ýol-ýörelgelerine ygrarly bolmaklary bilen baglanyşykly meselelere zerur üns
berilýär.
...Merkezde
bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli süýjüliklerdir ýörite sowgatlar
gowşurylýan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Dabarada edilen
çykyşlarda Milli Liderimiziň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi
netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan
goraglylygyny, ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet
syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, her bir ýurduň
bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladalardan gözbaş
alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün
etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň
kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
«Ynsanperwerlik,
mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da
olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we
ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn
sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy
üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär» diýip,
çykyş edenler nygtadylar hem-de munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly
Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Şunlukda, bagtyýar nesilleriň
şatlykly pursatlarynyň joşguny belende göterildi.
Paýtagtymyzdaky
Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman
Arkadagymyzyň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň, ýörite
sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Belent
ruha beslenen çykyşlaryň dowamynda dabara gatnaşan çagalar bagtyýar durmuşy
peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga
ýüreklerinden joşup çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan
etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň hözirini görýän nesilleriň ýürek joşguny
bolup ýaňlandy.
Häzirki
döwürde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi,
ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu
bolsa Watanymyzyň buýsanjy bolan ýaşlaryň nurana geljeginiň berkarar
edilýändigini görkezýär.
Çäräniň
ahyrynda dabara gatnaşan çagalar yzygiderli tagallalary bilen Türkmenistanyň
bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde derejesini pugtalandyrýan hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de
iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.
Döwletliler
köşgünde terbiýelenýän çagalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman
Arkadagymyzyň adyndan iberilen süýjülikleri dadyp hem-de ýörite sowgatlary
kabul edip, özleri barada edilýän aladalara hoşallyklaryny joşgunly
aýdym-sazlaryň, tanslaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.