milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
1 gün öň 32 Habarlar

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşyklylykda dowam etdi.

Häzirki döwürde Diýarymyzyň çar künjeginde, ýol ýakalarynda, derýalaryň, iri göwrümli suw akabalarynyň, kölleriň kenarlarynda köpçülikleýin bag nahallary oturdylýar. Asylly işler ýurdumyzyň oba-şäherleriniň çäklerinde ýokary ekologik derejäniň saklanmagyny üpjün edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky hem-de güýzki möwsümleriniň geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Şunda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan Arkadag şäheriniň çäklerinde asylly çäräniň ýazky hem-de güýzki tapgyrlarynda müňlerçe düýp bag nahaly ekilýär. Munuň özi täze şäheriň çäklerinde ýakymly howa gurşawyny döretmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Täze şäheriň çäklerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Sogap işe gatnaşýan adamlaryň ruhubelentligi, medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşyp, ählihalk bag ekmek dabarasynyň ähmiýetini belende göterdi. Joşgunly aýdym-sazlar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýörite taýýarlanan ýere geçip, bag ekiljek meýdany synlady. Dabara gatnaşýanlaryň ruhubelentligi we taýýarlanan bag nahallarynyň hatary bu künjege özboluşly bezeg berýär. Arkadag şäheriniň ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilýän ýeriniň abadanlaşdyryş hem-de bezeg işlerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna mahsus görnüşler öz beýanyny tapýar.

Dabara gatnaşýan körpe nesliň wekili joşgunly goşgy setirleriniň üsti bilen Gahryman Arkadagymyzdan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek çäresine badalga bermegini haýyş etdi. Milli Liderimiz oglanjyga toý sowgadyny gowşurdy. Sowgady uly hoşallyk bilen kabul eden oglanjyk hormatly Arkadagymyzdan özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy berkarar döwletiň bagtyýar nesli bilen gürrüňdeş bolup, onuň okuwy, höwes edýän hünäri bilen gyzyklandy. Oglanjyk Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, okaýan mekdebi we sapaklaryna ýetişigi barada uly joşgun bilen gürrüň berdi.

Milli Liderimiz bu ýerde ilkinji bag nahalyny oturdyp, Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Munuň özi asylly işleriň halkymyzyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlary bilen utgaşýandygynyň güwäsidir.

Arkadag şäheriniň çäginde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň göreldesine eýerip, uly joşgun bilen köpçülikleýin bag nahallaryny ekdiler. Bu çärä şäheriň ähli ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, şol sanda «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylarynyň uly höwes bilen gatnaşandyklaryny bellemek gerek.

Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary Hasyl toýy bilen gutlady hem-de bag ekmek çäresiniň hem bu baýramyň dabaralary bilen utgaşýandygyny aýtdy.

Ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän we daýhan zähmetine goýulýan sarpany alamatlandyrýan Hasyl toýunyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi sahawatly türkmen topragynyň berekedine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolmak bilen, bag ekmek çäresiniň haýyr işlere utgaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň hoş owazly aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterip, päk zähmetiň waspyny ýetirdi. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda ýaýbaňlandyrylan dabaralarda halkymyzyň agzybirligi, asylly işlere bolan yhlasy, ýurdumyzyň abadançylygy öz beýanyny tapdy. Asyrlaryň dowamynda bagşy-sazandalar türkmen toýlarynyň bezegine öwrülipdir. Bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmegi bolsa halkymyzyň ýagşy dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen gürrüňdeş boldy. Häkim, ilkinji nobatda, Niderlandlar Patyşalygynda saparda bolup, dürli görnüşli baglary we köpöwüşginli gülleri ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman tejribesi bilen tanyşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Niderlandlar Patyşalygyndan dürli gülleriň tohumlarynyň getirilendigi barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy oňa dünýäde baglary we dürli gülleri ösdürip ýetişdirmek boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň birinde saparda bolup, toplan tejribelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek, häzirki zamanyň ösen tejribesini Aşgabat şäherinde hem giňden ulanmak babatda öz maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň çäklerinde gök zolaklaryň çägini giňeltmek, dürli şekilleri emele getirýän owadan gülleri köpçülikleýin ekmek we bu işleri paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gulluklary bilen sazlaşykly alyp barmak babatda maslahatlaryny berip, Gahryman Arkadagymyz şäherleriň çäginde ýokary ekologik derejäniň üpjün edilmegini şertlendirýän işleriň ylmy esasda alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň gurluşyklaryny çaltlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň hil derejesiniň üpjün edilmegi, binalaryň gurluşyklarynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz şäheriň çäklerinde gurulýan önümçilik toplumlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmelidigini aýtdy. Şunda önümçilikde daşky gurşawa zyýan berýän galyndylaryň peseldilmegine häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede we ylmy esasda çemeleşilmelidir. Bu wezipeleriň kada laýyk ýerine ýetirilmeginiň şäheriň çäklerinde ekilen baglaryň, dürli gülleriň sazlaşykly ösüşinde ähmiýetlidigini nygtap, hormatly Arkadagymyz bu işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň çuňňur özleşdirilmegi wajypdyr.

Bu ýerde guralan çäräniň dabarasyny belende göteren medeniýet we sungat ussatlarynyň ýakymly owazlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, halkymyzyň agzybirligi, halal zähmetiň joşguny öz beýanyny tapdy.

Dabara gatnaşan medeniýet we sungat işgärlerine Gahryman Arkadagymyzyň adyndan toý sowgatlarynyň gowşurylmagy asylly işleriň türkmen halkynyň durmuşyna mahsus bolan nusgalyk ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Munuň özi il içinde sogap iş hasaplanýan bag ekmek çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini görkezýär.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bag ekmek çäresiniň belent dabaralara beslenmegini üpjün eden sungat ussatlaryna hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyp, asylly işleri bitirenlere uly zähmet üstünliklerini arzuw edip, bu ýerden ugrady.