Geljek – ýaşlaryňky. Ýaşlar Ýer ýüzünde
arzylanýan, sarpalanýan ynsanlar. Hut şonuň üçin-de, täze taryhyň taryply
sahypalaryna ýazylýan beýik başlangyçlaryň köpsanlysy ýaşlaryň aýdyň geljegini
nazarlaýar. Pikirimizi tassyklamak üçin, ýakyn günlerde bolup geçen taryhy
ähmiýetli wakalary ýatlap bileris.
2-nji oktýabrda Arkadag
şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň
dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog —
parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Bu köptaraplaýyn
forum maksatdaş dünýä döwletleriniň wekillerini, ýaşlaryny hem-de Türkmenistanyň
Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylaryny we
wekillerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalaryny, ýurdumyzyň
birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemledi.
Şu gezekki çäre Birleşen Milletler
Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly
laýyk gelmek bilen, ol dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik
edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmekde, parahatçylygy berkitmekde ýaşlaryň
mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirildi.
Forumyň işi:
«Parahatçylygyň hatyrasyna
ýaşlaryň başlangyçlary: parahatçylygy we durmuş jebisligini üpjün edýän
üstünlikli taslamalar we başlangyçlar»;
«Howanyň üýtgemegi: ekologiýa durnuklylygy
bilen parahatçylygy döretmegiň arasyndaky baglanyşyk»;
«Sanly diplomatiýa we parahatçylygy ýola
goýmak: parahatçylygy döretmek boýunça oňyn tagallalary üçin tehnologiýalary we
durmuş torlaryny peýdalanmak»;
«Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ilerletmek: Merkezi Aziýada ýaşlaryň seslerini bir ýere jemlemek» atly dört bölümiň çäginde dowam etdi.
Taryha ýazylan forumyň çäklerinde
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlisiň
geçirilendigini, onuň netijesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň
döredilendigini buýsançly belläp bolar.