Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty
merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk
formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi.
Ýokary derejede guralan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň
hemmetaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, maýa goýum ýaly
strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berk
ygrarlydygyny görkezdi.
Çäräniň dabaraly maksatnamasynyň
çäklerinde Merkezi Aziýa sebitiniň baý medeni mirasyny we ykdysady
mümkinçiliklerini şöhlelendirýän sergi guraldy. Şeýle-de bu ýerde Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Konsert sebitiň halklaryny baglanyşdyrýan çuňňur medeni gatnaşyklaryň aýdyň
beýany bolup, tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Forumyň açylyş dabarasynda
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň wekilleri Merkezi Aziýa bilen özara
hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan durnukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm
ähmiýetini bellediler.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
altytaraplaýyn işewürlik maslahatynyň giň wekilçilikli düzümde geçirilmeginiň
meýillerden anyk hyzmatdaşlyga geçmegi alamatlandyrýandygyny aýdyp, formatyň
çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle
hyzmatdaşlyk bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur maliýe,
guramaçylyk, tehniki we beýleki serişdeleri herekete getirmäge mümkinçilik
berýär.
«Üstünligiň taryhy: ABŞ bilen
Merkezi Aziýanyň arasyndaky işewürlik mümkinçiliklerini ösdürmegiň usullary»
ady bilen geçirilen plenar mejlisde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
kompaniýalarynyň wekilleri iri maýa goýum, täjirçilik taslamalaryny durmuşa
geçirmekde tejribelerini paýlaşyp, «C5+1» formatynyň artykmaçlyklarynyň
netijeli ulanylmagynyň ägirt uly täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.
Iri infrastruktura başlangyçlaryny, şol sanda üstaşyr ulag infrastrukturasyny
ösdürmek, maliýe hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça taslamalary amala
aşyrmakda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň wajyp ornuna üns çekildi. Mejlise
gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyk
gelýän durnukly we integrirlenen ykdysady ulgamy döretmegiň binýady bolup
durýar. Foruma gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda alşylan öňdebaryjy tejribäniň
özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini mundan beýläk-de artdyrmaga kuwwatly
itergi berjekdigine, ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ykdysady
gatnaşyklary, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam
berjekdigine ynam bildirdiler.
«ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň
arasyndaky daşamalaryň ugurlaryny ösdürmek» atly ugurdaş mejlisde iri logistika
kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de degişli döwlet düzümleriniň wekilleri
Merkezi Aziýany Demirgazyk Amerikanyň bazarlary bilen baglanyşdyrýan netijeli,
ykdysady taýdan bähbitli, durnukly ulag-kommunikasiýa ugurlaryny döretmegiň
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda
formatyň çäklerindäki bilelikdäki işiň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda
täze, has integrirlenen we bäsdeşlige ukyply logistika ulgamyny döretmek boýunça
anyk taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilmelidigi bellenildi.
«Emeli aňyň mümkinçiliklerini
ulanmak» atly ugurdaş mejlisde emeli aň tehnologiýalaryny ykdysadyýetiň esasy
ugurlaryna, şol sanda ony maliýe, oba hojalygy, energetika pudaklaryna, döwlet
dolandyryşyna giňden ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Mejlise
gatnaşyjylar sanly özgertmeler babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga
taýýardyklaryny tassyklap, emeli aňyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynyň
Merkezi Aziýada ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.
«Sanly ykdysadyýet arkaly özara
baglanyşyk» atly mejlisde bilermenlerdir ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary sanly
ulgamy sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmak hem-de inklýuziw ykdysady ösüşe
ýardam bermek üçin netijeli gural hökmünde ulanmak boýunça anyk çäreleri ara
alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler «C5+1» formatynda sanly ykdysadyýet
ulgamynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň ykdysady gatnaşyklary
diwersifikasiýalaşdyrmak bilen birlikde, sebitleriň arasynda tehnologik köprini
gurmaga hem mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.
«Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna
nädip maýa goýum goýmaly?» atly mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçilerini
ABŞ-nyň bazaryna çykmagyň mehanizmleri bilen tanyşdyrmak üçin esasy meýdança boldy.
Mejlise gatnaşyjylar ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak we
maýadarlary goldamak boýunça döwlet maksatnamalaryny ulanmak baradaky
maglumatlary aldylar. Munuň özi “C5+1” formatynyň özara maýa goýmak, sebitleriň
arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly şertleri döretmek
boýunça strategik maksadyny tassyklady.
«Merkezi Aziýa nädip maýa goýum
goýmaly?» atly ugurdaş mejlisde ABŞ-nyň maýadarlaryna we maliýe institutlaryna
sebitiň çalt depginlerde ösýän bazarlarynda döredilen amatly şertlerdir
mümkinçilikler barada hemmetaraplaýyn maglumatlar berildi. Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň wekilleri öz ýurtlarynda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmaga,
amallary ýeňilleşdirmäge, maýadarlaryň hukuklaryny kepillendirmäge gönükdirilen
özgertmeler we döwlet maksatnamalary hakynda gürrüň berdiler.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar
«C5+1» formatynyň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysady dialogy
çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin netijeli meýdança
hökmünde möhüm ähmiýetini bellediler.