Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş
saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus
Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy.
Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri
tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze
itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz işewüri
mähirli mübärekläp, saparyň çäklerinde geçiriljek Türkmen-amerikan işewürlik
maslahatynyň kompaniýanyň ýolbaşçysyna türkmen wekilleri bilen geljegi uly
taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik
döretjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Nicklaus
Сompanies» kompaniýasynyň golf infrastrukturasyny taslamalaşdyrmak we ösdürmek
ulgamynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistan
bilen kompaniýanyň arasynda agzalan ulgamda bilelikdäki hereketler üçin uly
mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kompaniýa
tarapyndan Aşgabatda gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap golf
klubunyň taslamasy özara hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysaly hökmünde görkezildi.
Bu taslama Türkmenistanda golfy ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmäge uly ähmiýet
berýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň täze taslamalaryna we
tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet
Baştutanymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf infrastrukturasyny ösdürmäge, sportuň bu
görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde
mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.